Gadymy Hazar deňziniň kenaryndaky şäheri bu gün görmäge göz gerek. Bir ýanyna belent dag gerişleri, bir tarapyna çyrpynyp ýatan mawy deňiz gelşik berip oturan Türkmenbaşy şäherindäki halkara howa menzili ýurdumyzdaky iň gelim-gidimli ýerleriň biri bolsa gerek. Çünki sanlyja ýyl mundan ozal, hormatly Prezidentimiziň Hazaryň kenarynda “Awaza” syýahatçylyk zolagyny döretmek bilen örän tutumly işe badalga beripdi.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen Hazar deňziniň kenarynda döwrebap desgalaryň uly toplumy gurlup, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän künjege öwrüldi. Şonuň bilen bir hatarda, Awazada halkara möçberli çäreleriň hem yzygiderli geçirilip durulýandygyny aýtmak gerek. Golaýda şeýle çäreleriň biri geçirildi. Has dogrusy, Hazaryň türkmen kenarynda guralan Halkara telekeçiler maslahatynda dostlukly döwletleriň işewürleri jemlenip, döwletli başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahata dünýäniň onlarça döwletinden ýüzlerçe wekil, halkara guramalarynyň, belli haryt öndüriji kompaniýalaryň, ýurdumyz bilen ozaldan gatnaşyk edýän we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän düzümleriň wekilleri gatnaşdylar. Halkara telekeçiler maslahatynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, şol sanda söwda-ulag, bank, ätiýaçlandyryş, gurluşyk we syýahatçylyk pudaklarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri ýurdumyza wekilçilik etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 16-njy aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän ykdysady gözden geçirişleriň, maslahatlaryň we beýleki işewür çäreleriň halkara jemgyýetçiligine ýurdumyzyň eksport we maýa goýum kuwwatyny giňden wagyz etmek we dürli pudaklardaky önümçiligiň hem-de tehnologiýalaryň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmak babatda oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz çäreleriň ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürmek işinde netijeli gural bolup durýandygyny belläp, döwrebap senagat tehnologiýalaryny öwrenmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de işewürler maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Maslahatyň dowamynda daşary ýurtlardan gelen wekiliýetler ýurdumyzyň döwlet maksatnamalary, ýetilen sepgitler, öňde durýan wezipeler, Türkmenistanda telekeçiligi yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Senagat, oba hojalyk, gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmekde hususy kärhanalaryň ähmiýeti, maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmen işewürleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek hem-de içerki bazary önüm bilen üpjün etmek boýunça öňde goýulýan meseleleri çözmek bilen bir hatarda, bäsdeşlige ukyply we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde daşary söwda aragatnaşyklaryny hem ösdürýärler. Eýýäm häzirki wagtda ýurdumyzyň bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän önüm öndürijileriň birnäçesi harytlaryny daşary döwletlere çykarýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary öz öndüren harytlaryny ýerleşdirmegiň täze bazarlaryny hem işjeň gözleýärler. Awazada guralan Halkara telekeçiler maslahaty bu babatda alnyp barylýan işleriň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirdi.
Şeýle-de maslahatda senagat, oba hojalyk, gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmekde hususy kärhanalaryň ähmiýeti, maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Işewür duşuşygyň gün tertibine ýurdumyzyň ulag geçelgelerini, ulag düzümini we logistikany ösdürmekde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary hem girizildi. Maslahatda edilen çykyşlarda bu ugra degişli meseleleriň giň toplumyna deglip geçildi. Möhüm döwlet maksatnamalaryny, iri döwlet buýurmalaryny we maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ugurlary maslahatyň üns merkezinde boldy. Onuň barşynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän harytlaryny daşary ýurtlara ugratmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.
Halkara guramalarynyň, belli haryt öndüriji kompaniýalaryň, ýurdumyz bilen ozaldan gatnaşyk edýän we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän düzümleriň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky meýilleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.
Ägirt uly döwlet goldawy netijesinde, Türkmenistanda telekeçilik hereketiniň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Telekeçileriň maýa goýum taslamalary üçin karz serişdeleriniň, önüm öndürmek üçin ýer bölekleriniň berilmeginiň, kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň, kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny amala aşyrmak üçin zerur şertleriň döredilmeginiň bu ugruň işiniň netijeliliginiň has-da ýokarlandyrylandygy üçin eziz Arkadagymyza çuňňur hoşallyk, çäksiz minnetdarlyk bilen bellenilip geçildi.
Ogulbaýram Gylyçnyýazowa,
Balkanabat şäherindäki 21-nji
ýöriteleşdirilen mekdebiň mugallymy.