Angliýanyň dürli hojalyk harytlaryny öndürýän “Dyson” kompaniýasy 2020-nji ýylda özüniň elektromobilini öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy hem-de ýolbaşçysy Jeýms Daýson habar berýär. Munuň üçin kompaniýa 2 milliard funt sterling sarp etmegi göz öňünde tutýar.
– Kompaniýanyň güýçli inženerler toparyny döredip, täze ulagy öndürmegi maksat edinýäris. 400-e golaý adam ýygnandy we 2 milliard funt sterling sarp ediler – diýip, Daýson gürrüň berdi.
“Dyson” kompaniýasynyň edara binasy Beýik Britaniýanyň günortasynda, Malmsberi şäherinde ýerleşip, dünýäniň 70-den gowrak ýurduna harytlaryny eksport edýär. Onuň tutuş dünýäde 7 müňden gowrak işgäri bar.