Watan türkmen üçin ähli zatdan zyýada, dünýe malyndan artyk gymmatlykdyr. Watan biziň her birimiz üçin ezizdir, mukaddesdir. Türkmen mukaddes hasaplaýan zatlaryny aýap, apalap, jandan ezizläp söýmegi gadymy döwürlerden bäri adat edinipdir. “Görogly” şadessanynyň başynda Jygaly beg agtygy Röwşene (Görogla):
Ýalňyz balam, algyn pendim,
Watany terk ediji bolma
– diýip, wesýet edýär. Bu bolsa, türkmeniň mukaddesliklere goýýan sarpasynyň nyşany bolup, onuň Watanyňy janyndan ileri görüp, söýýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hut şol sebäpli-de Watan baradaky pikirler-de, Watanyň belent ösüşleriniň hatyrasyna çekilýän zähmet-de mukaddesdir. Watansöýüjilik häsiýeti perzentlere sallançakda ene hüwdüsi bilen berlip, ene süýdi bilen-de berkidilýär. Şonuň üçin-de, bu duýgy milletimiziň aňyna ornap, ganyna siňendir.
Watan mukaddesdir, onuň duzy-da, suwy-da, topragy-da, ýandagy-da müň bir derde dermandyr. Bizi ata Watan, ene toprak bilen diňe bir göbek ganymyz däl, eýsem, topraga döken alyn derimiz, ata-babalarymyzyň bizi penalap, ýelden-suwdan goraglap, üstümizde ganat gerýän ruhlary-da birleşdirýär. Guşa öz höwürtgesinden, çarlaga aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummanyndan, algyr bürgüde gaýasyndan, boz jerene ýaýlasyndan, turaja tokaýyndan, türkmen aýtmyşlaýyn, towşana dogduk depesinden eziz zat dünýäde ýokdur. Bu mukaddeslikleri wasp etmedik şahyrdyr ýazyjy-da, nakgaşdyr heýkeltaraş-da, aýdymçydyr sazanda-da ýokdur diýsek, öte geçdigimiz bolmaz.
Pederlerimiz bize watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýratlylygyň, gaýduwsyzlygyň, lebzi halallygyň, birsözlüligiň gaýtalanmajak nusgalyk ýoluny miras goýupdyrlar. Şu ýoluň ýokary mekdebini üstünlikli geçen türkmen gerçekleri özleriniň watansöýüjilik, gahrymançylyk häsiýetleri bilen dünýäni haýrana goýupdyrlar. Müňýyllyklaryň dowamynda gahrymançylyk türkmen ýigitleriniň ganyna siňip, milli häsiýetlerimiziň naýbaşylarynyň birine öwrüldi. Damarynda watansöýüjilik gany aýlanan pederlerimiz Watan ugrundaky söweşlerde mertlik görkezip, gahrymançylygyň, kasama wepalylygyň, lebze ygrarlylygyň belent nusgasyny, gaýtalanmajak mekdebini nesillere miras galdyrypdyrlar. Watanparazlyk owal-ahyr türkmen halkynyň iň belent duýgularynyň parlak Tugy bolup pasyrdaýar.
Hawa, damarynda türkmen gany aýlanýan ynsan üçin göbek ganyň daman ýeri ykbal örküjidir, onda mähriban Arkadagymyzyň pähimli sözleri bilen aýtsak, geçmişiň bardyr, hemem geljegiň. Watan türkmeniň hany manydyr, genji-känidir. Watan diýlen ol belentlige bolan söýgiň seniň diriligiňden, buýsançly seriňden, janu-jigeriňden güýç alýandyr. Ol seniň göwräňe şirin jan bilen ornan iň päkize, iň ajaýyp duýgularyň synmaz sütünidir. Ömri şu berklige daýanýan her bir türkmen beýikdir. Türkmen beýikliginiň jemi bolsa, mukaddes Watanymyzy beýgeldýär.
Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip, yglan edilmegi ýurdumyzda medeni we ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgüni has-da artdyrmakda, ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerini içgin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň watansöýüjiligi, ilhalar we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegini gazanmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Bagtyýar zamanamyzda milli mirasymyzyň howandary hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň gymmatly baýlygyny ylmy taýdan öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berdi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” atly ajaýyp kitaby neşir edildi. Bu kitap ýurduň her bir raýatyny, bütin türkmen halkyny ruhlandyrdy, onuň ertirki güne bolan ynamyna ynam goşdy.
Barça ýürek Watan bilen baglydyr,
Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar.
Watan ýarasynda jiger daglydyr,
Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar.
Mertlik-merdanalyk dünýäň gözbaşy,
Bedew atdyr goç ýigitleň ýoldaşy,
Merdiň depesine gonar bagt guşy,
Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar.
Watançylyk duýgusyna ýugrulan bu şygry biparh okamak mümkin däl. Görogly gaýratly Watan ogullarynyň baş maksadynyň ene topragy goramakdan ybaratdygy hakyndaky mukaddes ýörelgeler şygryň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Biz her bir işde milli Liderimiziň ajaýyp kitaplaryny gollanma edinip, Watanymyzyň gülläp ösmegi we ýaş nesillerimiziň kämil adamlar bolup ýetişmegi üçin yhlasly zähmetimizi gaýgyrmarys. Bu günki bagtyýar ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerip, watansöýüjiligi, halallygy, sagdynlygy, zähmetsöýerligi özlerine ýörelge edinýärler.
Akmyrat SAPAROW,
TOHI-niň mugallymy.