Fo­to­ enjamlarda ýag­ty­lan­dyr­mak üçin ni­ýet­le­nen yşyk­la­ry ön­dür­ýän “Pro­fo­to” şe­re­ke­ti dün­ýä­de iň ki­çi ýagtyltgyjyny köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. Bu ýagtyltgyç fo­to­ enjam bi­len bir bi­te­wi gör­nü­şe eýe. “Pro­fo­to A1” ki­çi­li­gi­ne ga­ra­maz­dan, şu ugurdaky beý­le­ki enjamlaryň äh­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär.
Güý­jü­ni Li­tiý ion ba­ta­re­ýa­syndan al­ýan bu en­jam 350 ge­zek ýag­ty­lyk ber­mä­ge ukyp­ly. Ol beý­le­ki ýagtyltgyçlardan 4 es­se ýo­ka­ry tiz­li­ge eýe we 80 mi­nut­da zar­ýad­ al­ýar. Onuň te­ge­lek ob­ýek­tiw görnüşli bo­lmagy, sada hem-de has owa­dan görkezýär.
Ol “Canon” we “Ni­kon” bi­len örän saz­la­şyk­ly iş­le­ýär. Gel­jek­de bu en­ja­myň “So­ny” fo­to en­jam­la­ry bi­len hem saz­la­şyk­ly iş­le­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. “Pro­fo­to A1” 995 dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy.