Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda okyjylar köpçüligine gowşan “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitaby Aşgabat Aziadasynyň kalplara siňen ajaýyp täsirini goşalandyrdy. Milli Liderimiziň täze kitabynda bedenterbiýäniň, sportuň her bir adamyň, şol birwagtda-da tutuş jemgyýetiň durmuşynda eýeleýän möhüm orny giňden açylyp görkezilýär. Sport ruhubelentlik, maksadaokgunlylyk, ýeňşe bolan erk-isleg ýaly häsiýetleri terbiýelemek bilen ynsany kämilleşdirýär. Arkadag Prezidentimiziň bu kitabynda sportuň adamlary belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň daşynda jebisleşdirýän, sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklaryny iş ýüzünde berkarar edýän kuwwatly birleşdiriji güýçdügi ähli taraplaýyn açylyp görkezilýär.
Täze neşirde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça amala aşyrylan uly işler, sportuň milli görnüşleri barada gürrüň berilýär. Kitapda Türkmenistanda sportuň baý taryhy barada hem aýratyn bellenilýär.
Häzirki döwürde türkmenistanlylaryň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň öňünde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler açylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, iri halkara ýaryşlary guraýjy hökmünde ýurdumyz özüniň tejribesini ýylsaýyn baýlaşdyrýar. Bitarap Türkmenistan olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, bu ugurda sebit hem-de dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.
28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ýeňşine uly goşant goşan türkmen tälimçileriniň hem-de türgenleriniň – milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň üstünligini belläp, olaryň ençemesine ýokary döwlet sylaglary – “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlary bermegi jemgyýetimizde gyzgyn garşylandy. Ýaryşlaryň ilkinji günlerinden öňdebaryjylygy eýeläp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp bolan türkmen türgenleriniň jemi 245 medala, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş hem-de 86 bürünç medallary gazanmaklary milli sportumyzy şöhratlandyran görkeziji boldy.
Täze neşiriň “Ýaryş menzilli ýeňişdir” atly bölümi V Aziýa oýunlarynyň buşlukçysy hökmünde “Aşgabat 2017” alawynyň, baýdagynyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň getirilýän pursadyny beýan edýär. “Aşgabat 2017”-niň oýunlary bilen bagly ähli maglumatlary bu kitapdan tapmak bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenlerine Ýüzlenmesi bilen jemlenýän bu kitaba sportuň täsin pursatlaryny, ajaýyp sport desgalaryny beýan edýän suratlar bezeg berýär. “Beden we ruhy sagdynlyk adamda ýaşaýşa ynamy has-da güýçlendirýär. Päk göwünli, berk bedenli, maksatlary aýdyň ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň ýaşlykdan sporta bolan endigi özlerinde terbiýelemegi olaryň uzak hem-de sagdyn ömür sürmegi üçin zerurdyr. Sport siziň beden we ruhy gözelligiňiziň sazlaşmagy, jemgyýetimiziň sagdynlygy üçin örän möhümdir“ diýip, belleýän milli Liderimiziň şahsy göreldesi ýaş nesil üçin terbiýeçilik mekdebidir.
Täze kitap türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Kitapda Türkmenistanyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyplyklary hakynda gürrüň berýän bölümi her birimizi Watan gözelliklerine buýsanmaga ganat berýär. Olaryň hatarynda dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany hökmünde paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionyny bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi hem-de Olimpiýa şäherçesindäki dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde suw sport görnüşleri merkezi bar.
Kitapda hormatly Prezidentimiziň sport ulgamy bilen resmi çykyşlary, halkara forumlara gatnaşyjylara iberen gutlaglary hem ýerleşdirilipdir. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary watançylyk we ahlak taýdan terbiýelemekde, olarda millilige we sporta söýgini artdyrmakda bu kitabyň möhüm orny bardyr. Bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ösüşi, halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi bolan sportuň ösdürilmegi ugrundaky taýsyz tagallalarynyň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş berýän ajaýyp eserleriniň ählisiniň içinden watanperwerlik, ynsansöýüjilik duýgusy eriş-argaç bolup geçýär. Döwlet Baştutanymyzyň döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli bolan pikirlerini öwrenmek şol döwrüň ruhuna, döwlet syýasatyna, ýörelgelerine has çuň göz ýetirmäge, oňyn pikirleriň ösdürilip, nesil terbiýesinde ýol-ýörelge edilmegine öz täsirini ýetirýär.
Täze kitabyň alym Prezidentimiziň halkymyza peşgeş berýän beýleki ylmy neşirleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň her bir raýaty üçin gymmatly çeşme bolup, bahasyna ýetip bolmajak ýankitaba öwrüljekdigi gümansyzdyr. Bu täze kitap sport ulgamynyň işgärleri, mugallymlar, talyp ýaşlar, mekdep okuwçylary, ähli halkymyz üçin gymmatly gollanmadyr.
Biz Arkadag Prezidentimiziň Watanymyzyň abadançylygy we rowaçlygy, ýaş nesillerimiziň mynasyp terbiýe mekdebini geçmekleri ugrunda alyp barýan belent işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Gülkamar Hydyrowa,
Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.