Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynyň esasy mazmuny Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň çärýek asyrlyk menzilinde durmuşa geçirilen işler hakyndaky buýsançly söhbetden ybarat bolmak bilen, ol diňe bir Watan goragçylaryna niýetlenen eser bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň hemmämiz üçin aýdyň ýol görkeziji kitapdyr. Çünki, milli Liderimiziň kitabyň ilkinji babynda adalatly belleýşi ýaly: “Watan biziň her birimiz üçin elýetmez mertebedir”.
Watanyň mertebesini beýgeltmek Watanyň mert ogullarynyň paýyna düşýär, hut şoňa görä-de Watanyň hakyky manysyndaky mert ogly bolup ýetişmek üçin her bir raýatyň mertlik mertebesini özünde jemlemegi zerurdyr. Ine, şu hakykat bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Watançylyk duýgusy bu eseriň esasy özenini düzýär.
Hormatly Prezidentimiz beýan edýän pikiriniň islendik ýaşdaky okyjynyň aňyna mäkäm ornaşmagynyň hatyrasyna ata-babalarymyzyň ruhy akabalaryndan gözbaş alýan milli mirasymyzyň edebi gymmatlyklaryna yzygiderli ýüzlenýär. Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň edermenlik sapaklary, Magtymguly Pyragynyň, Döwletmämmet Azadynyň, Seýitnazar Seýdiniň we nusgawy edebiýatymyzyň beýleki wekilleriniň ynsany bezeýän mertlik, watansöýüjilik, batyrlyk, gaýratlylyk, ar-namyslylyk hakyndaky öwüt-ündewleri her bir okyjynyň her ädimde nusga edinmeli häsiýetleridigi nygtaýan jümleler kitabyň çeperçilik gymmatyny has-da artdyrýar.
Kitabyň her bir babyny uly gyzyklanma bilen okaýan okyjynyň mertlik diýen düşünjäniň nireden, nämeden gözbaş alýandygy baradaky içki oýlanmalara berilmegi, olaryň kalbynda mertlik diýen düşünjäniň adam mertebesi bilen ölçelýändigi hakyndaky pikirleriň döremegi asla tötänden däldir. Bu ýagdaý başda-da aýdyşymyz ýaly, bu eseriň çeperçilik gymmatynyň ýokary derejelidigine anyk şaýatlyk edýär.
Magtymguly Pyragy “Türkmeniň” atly goşgusynda “Mertler ata çyksa, söweş sarydyr” diýmek bilen, mertlik diýen düşünjäniň, ilkinji nobatda, Watan goragy bilen häsiýetlenýändigini beýan edýär. Magtymgulyda mertlik-namartlyk iň köp ýüzlenilen tema bolupdyr:
Mert ýigit mert ärden öner,
Namart asyl-ha mert bolmaz –
diýende, Magtymgulynyň pikiri aýdyň. Akyldar şahyr biziň mert ata-babalarymyzyň bolandygyny, olaryň nesilleriniň hem mert bolmalydygyny nygtaýar.
Aslynda, “mert” diýmegiň özi “adam” diýmegi aňladýar. Adam mert bolanda, ol hakyky adam bolýar. Adamlyk sypatyny ýitirenler barada mert däl, adam däl diýen manyda “namart” düşünjesiniň ulanylmagy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.
Namart kimdir biler bolsaň,
Ne diýseň, diýr: “Baş üstüne!”
Ezmaýyşyn kylar bolsaň,
Hiç tapylmaz iş üstünde –
diýende, Magtymguly atamyz diňe bir söweşde edermenligi bilen özüni görkezip bilmekden gaýry, sözünde tapylyp bilmeýänleriň hem namartdygyny ýatladýar.
Häzirki döwürde goşunyň buýsanjy hasaplanýan söweşjeň baýdaga tagzym etmek, onuň öňünde Watana wepalylyk kasamyny ýerine ýetirmek, Watan goragyna gelen ýaş harby gullukçynyň harby kasamy kabul etmegi – bularyň her bir Watan goragçysynyň mukaddes borjy, onuň Watanyň öňünde beren sözüdir. Şol beren sözüňde berk durmak, seniň mukaddes borjuňy ödedigiň, ol seniň mertligiň alamaty. Hormatly Prezidentimiz kitabyň “Goç ýigit demir galadyr” atly babynda ýene-de Magtymgulynyň pikirlerine salgylanyp, bu meseläni has-da anyklap berýär. Akyldar şahyrymyzyň:
Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,
Owwal ykrarynda duruşyn görüň –
diýen setirleri bize söz bermegiň we beren sözüňe ygrarly bolmagyň, kasam etmegiň, ant içmegiň mazmunyna düşünmäge kömek edýär. Arkadag Prezidentimiziň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitaby her bir okyjyda Watana bolan beýik söýgini terbiýelemek bilen, ol her bir adamyň özüne bolan ynamyny ösdürmäge-de uly hemaýat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň bu çuň manyly eseriniň bagtyýar ýaşlarymyzyň kalbynda watansöýüjiligiň kemala gelmeginde iňňän uly täsiriniň bardygyna ýakynda gözel paýtagtymyzda tamamlanan “Aşgabat 2017” oýunlarynda merdana türgenlerimiziň watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezip, 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç – jemi 245 medal gazanyp, dünýä derejesinde uly ýeňiş gazanandyklary-da anyk şaýatlyk edýändir.
Arkadag Prezidentimiziň çuň many-mazmuna eýlenen ajaýyp eserleri merdana halkymyzyň şu günki bagtyýar, şanly geljekde has-da ajaýyp döwürlerde ýaşajak nesillerine ata Watany jandan söýmegiň, ony gözüň göreji deý goramagyň, mertebesini hemişe beýgeltmegiň aýdyň ýolgörkezijisi bolup hyzmat eder!
Gözel Allanazarowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.