ABŞ-da Mark Tweniň (1835-1910) fermaly mülki satuwa çykaryldy. Ol Konnektikut ştatynda ýerleşip, 7 gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Bu fermaly mülki 1, 85 million dollara satyn almak mümkin diýip, “ABC News” habar berýär. Mark Twen bu mülki 1860-njy ýylda satyn alyp, öz kiçi gyzynyň hormatyna “Jean’s Farm” ýagny, “Jeýniň fermasy” diýip at goýýar. Fermaly mülküň ähli otaglary abatlanyp, binanyň taryhy keşbi ýaňadandan dikeldilipdir.
Amerikan ýazyjysy Mark Twen “Tom Soýeriň başdan geçirenleri” we onuň dowamy bolan “Geklberri Finnanyň başdan geçirenleri” romanlary bilen bütin dünýäde bellidir. Bu eserler tankytçylar tarapyndan Mark Tweniň döredijiliginiň naýbaşy eserleri hasaplanýar. Ýazyjy bu eserlerini 10 ýylyň dowamynda döreden eken. Twen bu kitabynda ilkinji gezek amerikan edebiýatynda gepleşik dilini girizipdir.
Mark Twen ýazyjy we žurnalist hökmünde giňden tanalyp ugrandan soňra, uzak wagtlap ýaş zehinleriň gözleginde bolup, olara edebiýat meýdanynda ösüş gazanmaga ýardam beripdir.