“BlackBerry” mobil telefonlarynyň taslamasyny, öndürilişini we ýerlenilmegini öz üstüne alan TCL şereketi täze “BlackBerry Motion” ykjam telefonyny küpçülige hödürledi. Bu enjam “Qualcom”-yň sekiz ýadroly “Snapdragon 625” prosessory, “Adreno 506” diagramma mikroprosessory we 4 GB RAM-y bilen tapawutlanýar. Suw geçirmezden 1,5 metr çuňlukda 30 minut işläp bilýän “BlackBerry Motion”-yň ýady 32 GB-dan ybarat. Onuň MicroSD bilen ýadyny artdyrmaga mümkinçiligi bar. Enjamyň ýüzünde 8 megapiksel, arkasynda bolsa, 12 megapiksellik kamera ýerleşdirilen. Ol 4.000 mAh göwrümi bilen “Quick Charge 3.0” tiz zarýadlanma aýratynlygy bilen 40 minutda 50% dolýar. Barmak yzyndan tanamak ukybyna eýe “BlackBerry Motion”-a alýumin gabarasy aýratyn owadanlyk berýär. “Android 7.1” prosessorly Full HD durulykda 5,5 dýuýmlyk ekranly bu ykjam telefonyň 460 dollar bahadan satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.