“Nissan Europa” şereketi suwlardan we ýaglardan emele gelen hapalary aýyrmak maksady bilen öz-özüni arassalaýan boýag öndürdi. Bu boýag aýratyn hem awtoulaglaryň üstüne gar toplanmagynyň, suwlaryň doňmagynyň hem-de onuň burjy baglamagynyň öňüni alýar. “Nissan” şereketi 2014-nji ýylda “Ultra-Ever Dry” atly ýörite taýýarlanan “super-gidrofobik” we “oleofobik” boýagy barlagdan geçirmäge başlapdy.
“Nissan” şereketi bu kir saklamaýan boýagy nanotehnologiýa firmasy “Nano Labs” bilen bilelikde Angliýadaky “Nissan tehnologiýa merkezinde” taýýarlady. Adaty däl boýag ilkinji gezek “Nissan Note” we “Nissan Leaf” awtoulaglarynda synagdan geçirildi. Ýöne entek önümçiligi doly ýola goýulmady.
Mahlasy, reňk bilen oňa syçraýan suwuň aralygynda howa gatlagy emele gelip, hapa suwuň, palçygyň we tozanyň awtoulaga ýapyşmagynyň öňüni alýar. Netijede, nanotehnologiýa bölejikleri awtoulagyň hapalanmagynyň öňüni alýar. Şeýle hem bu reňk awtoulagy Gün şöhlelerinden hem goramaga ukyply. Hünärmenler geljekde bu boýagyň diwarlaryň tämizliginde hem giňden ulanyljakdygyny mälim edýärler.