Azi­ýa­nyň iň uly aw­tou­lag we äti­ýaç­lyk şaýlaryna ba­gyş­la­nan halkara ser­gi­si öz işi­ne baş­la­dy. Iki ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýän ser­gi gib­rid ulag­la­ryň has köp­lü­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Hal­ka­ra göz­den ge­çi­ri­li­şde aw­tou­lag­lar bi­len bir ha­tar­da ola­ryň şaýlary, önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­sy, ola­ry dür­li ugur­lar­dan sy­nag­dan ge­çi­ri­len­de peý­da­la­nyl­ýan ab­zal­lar, komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ry, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar gör­ke­zil­di.
“Volks­wa­gen”-iň elekt­rik ener­gi­ýa­sy hem-de ben­zin bi­len iş­le­ýän “T-Pri­me” mo­de­li bu ýe­re ge­len­le­riň ün­sü­ni has köp özüne çek­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň “Toyo­ta” kom­pa­ni­ýa­sy “Corol­la” we “Levin” mo­del­le­ri­niň gib­rid gör­nüş­le­ri­ni ge­ti­rip­dir. Hy­ta­ýyň aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da uly orun eýe­le­ýän BYD bren­di­niň “e5” at­ly elekt­rou­la­gynyň görkezilmegi bu ýurt­da şeý­le ulag­la­ra nä­de­re­je­de äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry bo­lan BMW, “Hon­da”, “Lexus”, “Porsche”, “Cit­ro­en” hem-de “Re­nault” şe­re­ket­le­ri­niň hem soň­ky mo­del­le­ri ser­gä bar­ýan­la­ry biparh goýanok. Mä­lim bol­şy ýa­ly hal­ka­ra ser­gi­ler­ haý­sy­dyr bir te­ma bagyşlanýar. Hy­ta­ýyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­ýän bu ýyl­ky ser­gi­de, esa­san, iki ugur bar. Bi­ri tä­ze ener­gi­ýa, al­ter­na­tiw ýan­gyç gör­nüş­le­ri, beý­le­ki­si aw­tou­lag­la­ryň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we “akyl­ly” ulag­lar.
Ser­gi­de sport ulag­la­ry hem az däl. Hy­ta­ýyň aw­tou­lag ba­za­ry mart aýyn­da 9 gö­te­rim ösüp­dir. Soň­ky wagt­lar­da ýurt­da sa­tyl­ýan ulag­la­ryň ara­syn­da sport mo­del­le­ri­niň pa­ýy bar­ha art­ýar. Mart­da bu ýurt­da 2,5 mil­li­on tä­ze ulag ýer­le­nip­dir. Ola­ryň kö­pü­si sport ulag­la­ryn­dan yba­rat. Ula­gyň bu gör­nü­şi­niň 65 gö­te­ri­mi Hy­taý­da ön­dü­ri­lip­dir. Hal­ka­ra ser­gi 4-nji maý­da ta­mam­lan­ýar.

20140420t082716z_488352765_gm1ea4k19nr01_rtrmadp_3_autoshowchinaford_medium_d

Tä­ze mo­del­ler gör­ke­zil­di
“Re­nault” kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze “Ko­le­os” mo­de­li­niň il­kin­ji gör­ke­zi­li­şi­ni Pe­kin­de ama­la aşyr­dy. Hal­ka­ra ba­za­ryn­dan has köp paý al­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýän fran­suz şe­re­ke­ti ýol­suz ýer­den ýö­re­ýän bu ula­gy­ny iş­läp taý­ýar­lan­da hal­ka­ra müş­de­ri­le­ri­niň ta­lap­la­ry­ny göz öňün­de tu­tup­dyr. Şu ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de Awst­ra­li­ýa, Tür­ki­ýe, Pars aý­la­gy ýurt­la­ry we Gü­nor­ta Ame­ri­ka ýurt­la­ryn­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak bu ulag ýy­lyň ahy­ryn­da hy­taý­ly, 2017-nji ýy­lyň ba­şyn­da rus­si­ýa­ly we ýew­ro­pa­ly müş­de­ri­le­rine hö­dür­le­ner.