Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çagyrmagy boýunça dostlukly ýurtda iki günlük resmi saparda boldy. Milli Liderimiziň bu sapary iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze sepgide, ýagny strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylmagyna uly itergi berdi. Täjik topragynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleriniň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekdiler. Bu resminama iki doganlyk halklaryň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary many-mazmun hem-de hil taýdan täze derejelere çykarmaga uly mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň “Kasri Millat” köşgünde resmi taýdan garşy alyndy. Resmi dabaradan soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikiçäk gepleşikler geçirdiler. Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýy hem-de geljegi nazara almak bilen onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda we beýleki birnäçe pudaklarda özara gatnaşyklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde türkmen-täjik hökümetara toparynyň möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.
Prezident Emomali Rahmonyň belleýşi ýaly, Täjigistan we Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde sebit we halkara häsiýetli meseleleriň köpüsi boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi sebitde durnuklylygy we ösüşi saklamak işine hyzmat edýär. Prezident Emomali Rahmon bular barada aýtmak bilen, energetika, ulag, ýeňil senagaty, gurluşyk, oba hojalygy hem-de syýahatçylyk ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Prezident Emomali Rahmon medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçdi. Täjik türgenleri sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşdylar.
Milli Liderimiz döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň we mümkinçilikleriniň giňdigini aýdyp, häzirki wagtda ondan doly peýdalanylmaýandygyny belledi we bilelikdäki özara söwdanyň, maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin täze geljegi uly ugurlary tapmak babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-täjik toparynyň işiniň harytlary özara ibermegiň sanawyny giňeltmegiň hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky eksport-import amallarynyň möçberlerini artdyrmagyň ýollaryny gözlemäge gönükdirilmelidigini maksada laýyk hasap edýärin, toparyň soňky mejlisi şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda geçirildi.
Şunuň bilen birlikde, 2018-nji ýylda türkmen we täjik önümleriniň özara sergilerini geçirmegiň, şeýle hem Aşgabatda we Duşenbede iki ýurduň Söwda öýlerini açmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek derwaýys hasaplanylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ýurtlarymyzyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmagyň zerurlygy babatda hem özara düşünişmek emele geldi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň raýat awiasiýasy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Aşgabadyň we Duşenbäniň arasynda göni howa gatnawlarynyň açylmagy bilen baglanyşykly ykdysady, tehniki we beýleki ugurlar boýunça gepleşikleri çaltlandyrmak barada tabşyryk bermegi maksada laýyk hasaplaýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Iki ýurduň işewürler toparlarynyň söwda gatnaşyklaryny giňeltmekde, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda, bilelikdäki kärhanalary döretmekde, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän pudakda, hyzmatlar ulgamynda ýygjam hyzmatdaşlyk etmekde has işjeň orny eýelemeklerine garaşýarys. 1-nji noýabrda türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň geçirilmegi bu ugurda netijeli ädimdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmen-täjik işewürlik geňeşini döretmek baradaky teklibi beýan etdi. Ol söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berer, hyzmatdaşlygy has anyk häsiýete ýetirer.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Bilelikdäki Beýannama hem-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekdiler. Şeýle hem iki ýurduň arasynda köp sanly resminamalar toplumyna gol çekildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Täjigistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar söwda, ulag, senagat, energetika we oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňaýly şertler bar.
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzy kesgitleýän resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi.
Gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Biz iki döwletiň hem eýe bolan kuwwatly mümkinçiliklerine laýyklykda bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, täze ugurlara çykmagyň zerurdygy baradaky umumy pikire geldik. Şunda iki ýurduň işewürlik toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Täjigistanyň Türkmenistan bilen örän möhüm hyzmatdaşydygyny belledi. Bu dostlukly ýurt bilen biz gatnaşyklarymyzy uzak geljege nazarlaýarys. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha ösýär we okgunly häsiýete eýedir. Deňhukuklylyk, özara hormat, açyklyk we ynam, iki doganlyk halkyň we döwletleriň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine özara düşünişmek biziň gatnaşyklarymyzyň tapawutly aýratynlyklarydyr.
Şol gün hormatly Prezidentimiz täjik halkynyň milli Gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy. Soňra milli Liderimiz Täjigistanyň Milli muzeýine baryp gördi.
* * *
Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti raýonynyň Medeniýet öýünde milli Liderimiziň dostlukly ýurda resmi saparyna gabatlanylyp, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary, ýerli häkimiýet edaralarynyň, iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen hem-de giň okyjylar köpçüligine niýetlenen “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň ylmy we tejribe babatdaky ähmiýetini nygtadylar.
Tanyşdyryş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze kitabynyň nusgalary gowşuryldy. Munuň özi hemmeler üçin ajaýyp sowgat boldy.