Gün energiýasy bilen işleýän “Solar Impulse 2” uçary geçen ýyl başlanyp, tamamlanmadyk uçuşyny dowam etdirdi. Bu uçar geçen ýyl Ýeriň daşyndan aýlanmak üçin öz syýahatyna başlapdy. 2015-nji ýylyň 25-nji martynda Abu Dabiden howalanan uçar Aziýanyň birnäçe şäherinde düşläninden soňra Ýaponiýadan Gawai adasyna çenli uçupdy. Bu uçuş aýlawyň iň kyn tapgyrlarynyň biri bolupdy. Ol ummanyň üsti bilen uçup, 5 günläp düşlemezden uçup, Gawai adasyna barypdy. “Solar Impulse 2” howanyň sowamagy we güýçli ýel sebäpli Ýuwaş ummanyndaky bu syýahatyny togtatmaly bolupdy. Ýaz paslynyň gelmegi bilen ol uçuşynyň iň kyn tapgyrlarynyň birini geçdi. Diňe Günden alýan energiýasy bilen hereket edýän bir orunlyk howa gämisi 62 sagatlap uçup, ABŞ-nyň San-Fransisko şäheriniň golaýyndaky Silikon jülgesine gondy. Uçar 4 müň kilometre golaý bu aralygy 3 günde geçdi. Ýaponiýadan Gawaiýe çenli aralyk 8 müň kilometrden gowrak bolup, ol aralyk 5 günde geçilipdi. Ýuwaş ummanyndan geçmek adatdan daşary ýagdaýlarda gonmaga mümkinçiligiň ýoklugy sebäpli uçuşyň iň kyn tapgyry hasaplanýardy.
2002-nji ýylda ýola goýlan taslamanyň çäklerinde häzire çenli 100 million dollar özleşdirildi. Mundan ozal, “Solar Impulse” atly uçar işlenip taýýarlanypdy. Amerika bilen Ýewropanyň arasynda, Atlantik ummanyndan geçmek onuň indiki aňsat bolmadyk uçuşy bolar. Iýunda başlanjak bu ýoluň 5 gün töweregi wagtda geçilmegine garaşylýar. Ol Ýewropa geleninden soňra öz syýahatyny başlan ýeri bolan Abu Dabide tamamlar.
Uçary Bertrand Pikkard hem-de Andre Borşberg dagy gezekleşip sürýär. Howa gämisi bir orunlyk bolansoň, olaryň hersi bir tapgyrda ulanmaly bolýarlar. Olar uçuş doly tamamlanandan soňra Ýer ýüzüni Gün energiýaly uçar bilen aýlanan ilkinji adamlar hökmünde taryha adyny ýazdyrarlar.
Ýekeje damja nebit önümi ulanmazdan hereket edýän “Solar Impulse” uçarynyň birinji nusgasy ilkinji uçuşyny 2009-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Şweýsariýanyň Dübendorf şäherinde amala aşyrypdy. 2003-nji ýylda tanyşdyrylan, uzak aralyga niýetlenen uçar ilkinji synanyşygynda birnäçe metr beýiklige çykypdy. Uçar 2010-njy ýylda 26 sagatlap üznüksiz uçmagy başarypdy. Uçar 2012-nji ýylda Ispaniýadan Marokka çenli baryp, ilkinji yklymara uçuşyny ýerine ýetiripdi. Onuň ikinji nusgasy hem ähli synaglary üstünlikli geçdi. Ganatynyň açyklygy 72 metre barabar bolan uçarda dört sany perli hereketlendiriji bar. Onuň ganatlarynda 17 müň 248 sany litiý-polimer panel oturdylypdyr. Uçaryň batareýasynyň agramy 633 kilogram. Howa gämisiniň umumy agramy 2 müň 300 kilogram. Ýagny onuň agramy bary-ýogy ulurak awtoulagyňka barabar.