Kos­mos pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan dün­ýä­niň iň uly hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­sy “SpaceX” Mars pla­ne­ta­sy­ny ýakyndan öw­ren­mek üçin tä­ze tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çi­rer. Hä­zir­ki wagt­da Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne ýük gat­nad­ýan “Red Dra­gon” at­ly älem gä­mi­si­niň tä­ze nus­ga­sy­ Gy­zyl pla­ne­ta bar­mak üçin peý­da­la­nylar. Ol 8 sa­ny “Su­perD­raco” at­ly he­re­ket­len­di­ri­ji bi­len üp­jün edi­ler. Gä­mi her dür­li land­şaft­ly ýe­re gon­maga ukyp­ly bo­lar. Onuň ykjam he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri Mar­sa ba­ran ma­ha­ly ýu­waş­lyk bi­len gon­ma­gy­na ýar­dam eder. Kom­pa­ni­ýa 2018-nji ýy­la çen­li bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek is­le­ýär. On­dan soň­ra goň­şy pla­ne­ta ba­ra­da has köp mag­lu­mat top­la­nyp baş­la­nar. “Red Dra­gon” gä­mi­si­ni “Falcon 9” ra­ke­ta­sy­nyň has uly gör­nü­şi “Falcon Heavy” at­mos­fe­ra­nyň da­şy­na çy­ka­rar. Bu tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çi­ren ýag­da­ýyn­da “SpaceX” baş­ga bir pla­ne­ta öz gä­mi­si­ni ug­ra­dan il­kin­ji hu­su­sy kom­pa­ni­ýa bo­lar.