1817-nji ýyl­da il­kin­ji we­lo­si­ped­ler oý­la­nyp ta­py­lan­da ola­ryň zyn­jy­ry ýok­dy. Ola­ryň gurluşynyň bir bö­le­gi ýa-da tu­tuş­ly­gy­na di­ýen ýa­ly agaç­dan bo­lup, sürlende di­ňe aýak­la­ryň kö­me­gi bi­len he­re­ket et­di­rip bol­ýar­dy.
2017-nji ýyl­da we­lo­si­ped ön­dür­mä­ge baş­lan kä­bir şe­re­ket­ler bi­ze geç­mi­şi ýatlatmak bi­len bir ha­tar­da, we­lo­si­ped­le­riň bel­li bir bö­le­gi­niň ýa-da hem­me ýe­ri­niň agaç­dan ýa­sa­lan gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­ýär. Bu we­lo­si­ped­le­riň ag­ra­my 9,9-dan 25 ki­log­ram ara­ly­gyn­da bo­lup, ada­ty we­lo­si­ped­le­rden tapawutlanýar. Agaç­dan ýa­sa­lan bu we­lo­si­ped­le­riň ba­ha­sy­nyň gym­mat­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, onuň müş­de­ri­le­ri azal­man, gaý­ta kö­pel­ýär.
– Adam­lar de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk, tä­sin önüm­le­riň eýe­si bol­mak­dan lez­zet al­ýar­lar – di­ýip, “Con­nor Wo­od Bicycles” şe­re­ke­ti­niň esas­lan­dy­ry­jy­sy, ame­ri­ka­ly işe­wür Kris Kon­nor gür­rüň ber­ýär.
Ola­ryň ba­ha­sy 3,5-dan 11 000 $ ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýär. Bu şe­re­ke­tiň ön­dür­ýän we­lo­si­ped­le­ri­niň göw­re­si agaç­dan, zyn­jy­ry, çar­hy we te­ker­le­ri pos­la­ma­ýan po­lat­dan ýa­sal­an. Onuň önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýan agaç­lar örän çy­dam­ly bo­lup, nä­te­kiz ýer­ler­den sür­len­de dö­re­ýän tit­re­me­le­ri azald­ýar.
Ýa­kyn­da ne­şir edi­len “The Woo­den Bicycle: Around the World” (Dün­ýä bo­ýun­ça agaç­dan ýa­sa­lan we­lo­si­ped­ler) at­ly ki­tap­da agaç­dan we­lo­si­ped ýa­sa­ýan şe­re­ket­le­riň 111-si ba­ra­da dür­li mag­lu­mat­lar ýer­leş­di­ri­lip­dir. Şo­la­ryň bi­riniň, ýag­ny Ang­li­ýa­da ýer­leş­ýän “Splin­ter­bi­ke” şe­re­ke­ti­niň ön­dür­ýän we­lo­si­ped­le­ri­niň tu­tuş­ly­gy­na di­ýen ýa­ly hat-da zyn­jy­ry­na çen­li agaç­dan ýa­sa­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär.