Hor­wa­ti­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri And­reý Plen­ko­wiç 2020-nji ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň dö­wür­le­ýin baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­jak­dyk­la­ry­ny mä­lim edip, şol ýyl hem bu gu­ra­ma­nyň pul bir­li­gi bo­lan ýew­ro­nyň Hor­wa­ti­ýa­da do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, pul bir­li­gi hök­mün­de ýew­ro­nyň ula­ny­lyp baş­lan­ma­gy ýur­da sy­ýa­sy hem-de yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri ge­ti­rer. Ýur­duň hö­kü­met baş­ly­gy Zag­reb şä­he­rin­de Mer­ke­zi ban­kyň gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len “Hor­wa­ti­ýa­da ýew­ro geç­me­giň stra­te­gi­ýa­sy” at­ly mas­la­ha­ta gat­naş­dy. Şol mas­la­hat­da çy­kyş eden Prem­ýer-mi­nistr ýurt­da ýew­ro­nyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ugur­la­ry anyk­laş­dyr­dy. Ol ýew­ro­nyň ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni­ne öz sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­jak­dy­gy­ny bel­läp, bu ugurda hal­kyň ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iň ýaş ag­za­sy hök­mün­de bu gu­ra­ma bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan­dyk­la­ry­ny bel­län And­reý Plen­ko­wiç Şen­gen hem-de ýew­ro zo­la­gy­na iş­jeň ara­laş­ma­gy mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni nyg­ta­dy. Ol ýurt­da ýew­ro­nyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi­niň sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de ma­ýa go­ýum pu­da­gy­ny iş­jeň­leş­dir­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.