9-10-njy no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi­ler mer­ke­zin­de Bi­lim mi­nistr­li­gi, Sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan “Bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de” at­ly hal­ka­ra ser­gi­si ge­çi­ril­di.
Şu ýyl ser­gä dün­ýä ýurt­la­ry­nyň 30-a go­la­ýy­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Di­war­lyk­la­ryň on­lar­ça­sy dür­li ýurt­la­ryň bi­lim ul­ga­my, şol san­da esa­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň önüm­le­ri, IT teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, in­no­wa­si­on bar­lag­ha­na en­jam­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar.
Ýur­du­my­zyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň di­war­lyk­la­ryn­da dür­li ylym we okuw usu­ly­ýet ede­bi­ýa­ty, şeý­le hem ta­lyp­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra olim­pia­da­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­niň ku­bok­la­ry, me­dal­la­ry we dip­lom­la­ry gör­ke­zil­ýär.
Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da dün­ýä­niň dür­li se­bit­le­ri­niň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, mil­li we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry hem-de as­so­sia­si­ýa­la­ry, ta­lyp­la­ry da­şa­ry ýurt­lar­da okat­mak we alyş­mak bo­ýun­ça agent­lik­ler, önüm ön­dü­ri­ji­ler hem-de okuw ede­bi­ýa­ty­ny we prog­ram­ma önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­ler bo­lup, ola­ryň ha­ta­ryn­da “In­tel” (ABŞ), “Le­no­vo”, “Hua­wei” (Hy­taý) we beý­le­ki­ler bar. Bu ýer­de komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­ga­myn­da soň­ky ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, şeý­le hem okuw eda­ra­la­ry üçin tä­ze en­jam­lar we me­bel­ler gör­ke­zil­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň di­war­lyk­la­ryn­da tür­gen­le­ri­mi­ziň dür­li we mil­li hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da ga­za­nan al­tyn ku­bok­la­ry gör­ke­zil­ýär. Ser­gi bö­lüm­le­rin­de ýur­du­my­zyň gö­reş, dzýu­do, boks, ýaý­dan ok at­mak, agyr we ýe­ňil at­le­ti­ka, hok­keý, bas­ket­bol, taýbok­sy, sport tans­la­ry, bil­ýard, küşt hem-de beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry yzy­gi­der­li­lik­de ýer­leş­di­ril­di.