Düzüminde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Syçuan şäherinde geçirilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradio gepleşikler birleşiginiň (ABU) 54-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy. Forumyň işine birleşige agza bolan teleradio kompaniýalaryň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 200-den gowragynyň wekilleri gatnaşdy.
Bu ýere ýygnananlarda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi, şonuň bilen birlikde-de ýaryşlaryň habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilendigi baradaky hasabatlar uly gyzyklanma döretdi. “Aşgabat 2017” oýunlarynda ildeşlerimiziň gazanan ajaýyp netijeleri hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
Aşgabatdaky Aziýa oýunlaryny beýan etmäge gatnaşan Aziýanyň we Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri žurnalistleriň, telehabarçylaryň işlemegi üçin bu ýerde ähli şertleriň döredilendigini nygtadylar. Daşary ýurtly žurnalistler Türkmenistana ýene-de gelip görmäge uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Aziýa-Ýuwaş ummany teleradio gepleşikler birleşiginiň 55-nji Baş Assambleýasyny Aşgabatda geçirmegiň türkmen döwletiniň barha artýan abraýynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygy nygtaldy.
Aziýa-Ýuwaş ummany teleradio gepleşikler birleşigi – “Aziýaweşaniýe” her gün dünýäniň esasy teleýaýlymlary hem-de internet boýunça täzelikleri ýaýradýar. Aziýanyň we Okeaniýanyň ýurtlarynyň 60-syndan ýaýlyma beriş guramalary onuň düzümine girýär. Türkmenistan 2012-nji ýylda ABU-nyň doly hukukly agzasy boldy. Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Aziýa-Ýuwaş ummany teleradio gepleşikler birleşiginiň 6-njy telewizion festiwalyna gatnaşdylar.