Daş­ky gur­şa­wa zyýansyz ulag diý­len­de, adat­ça, gib­rid ýa-da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len he­re­ket ed­ýän ulag­lar göz öňü­ňe gel­ýär. Em­ma ne­bit önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan “Shell” kom­pa­ni­ýa­sy ne­bit önüm­le­ri bi­len iş­le­ýän, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz ula­gy ön­dür­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär. “Pro­ject M” at­ly kin­di­wan­ja ulag ben­zin bi­len iş­le­ýän iň aras­sa ulag ady­ny al­mak is­le­ýär. Ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­la­ry duzaýn etmegi bi­len ta­nal­ýan Gor­don Mur­reý bi­len bi­le­lik­de iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan tas­la­ma ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şä­he­riň için­de sür­mä­ge ni­ýet­le­nen ulag 100 ki­lo­metr ýol geç­mek üçin 2,1 litr ben­zin ýa­kar. Ulag di­ňe tyg­şyt­ly­ly­gy bi­len däl, eý­sem, ön­dür­mek üçin ula­ny­lan ma­te­rial­la­ry bi­len hem te­bi­ga­ta zy­ýan­syz bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­la­nar. Gaý­ta­dan ula­nyp bol­ýan ug­le­rod sü­ýümin­den ön­dü­ril­jek aw­tou­la­gyň ag­ra­my 550 kg, uzyn­ly­gy 2,5 m, ini 1,35 m, be­ýik­li­gi 1,6 m bo­lar. Onuň bir sa­ny bi­te­wi gapy­sy­ny aça­nyň­da, ha­ma­na, ulag or­ta­dan ikä bö­lü­nen ýa­ly bol­ýar. . Ka­po­ty­nyň aşa­gyn­da­ky 0,66 litr göw­rüm­li he­re­ket­len­di­ri­ji ula­gyň 43 at güý­jü­ne ba­ra­bar kuw­wat­ly bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Üç orun­lyk ulagyň (öň­de sü­rü­ji, yz­da iki orun) iň ýo­ka­ry tiz­li­gi 156 km/s. Sa­gat­da 100 ki­lo­metr tiz­li­ge çyk­ma­gy üçin 15,8 se­kunt ge­rek. Ula­gyň önüm­çi­li­ge ha­çan goý­be­ril­jek­di­gi heniz mä­lim edil­me­di.