“Micro­soft” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ozal­ky baş­ly­gy we esas­lan­dy­ry­jy­sy Bill Geýts dün­ýä­niň iň baý adam­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şeý­le de­re­jä­ni bel­li bir dö­wür­de “Ama­zon”-yň baş di­rek­to­ry Jeff Be­zos eýe­le­se-de Geýts bi­rin­ji or­ny tiz yzy­na gaý­tar­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Mun­dan baş­ga-da “Micro­soft”-yň esas­lan­dy­ry­jy­sy ha­ýyr-sa­ha­wat üçin ju­da köp pul sarp ed­ýär. Bill Geýts 1999-njy ýyl­da “Micro­soft”-yň paý­na­ma­syn­dan 16 mil­liard dol­la­ry ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri­ne be­rip, ýe­ne-de bir ýyl­dan soň, 5,1 mil­liard dol­la­ry ha­ýyr-yh­san iş­le­ri­ne ge­çir­ýär. Bu Bill Geýt­siň ama­la aşy­ran iň uly ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri­niň bi­ri­dir. “Bloom­berg” saý­ty­nyň ýaz­ma­gy­na gö­rä, şu ýy­lyň iýun aýyn­da 61 ýaş­ly mil­li­ar­der 4,6 mil­liard dol­lar möç­be­rin­dä­ki pu­ly ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri­ne ba­gyş­lap, bu onuň soň­ky 17 ýy­lyň için­de amal eden iň uly ha­ýyr işi­dir. Hat­da soň­ky ha­ýyr-sa­ha­wat işin­den soň, 86,1 mil­liard dol­la­ra eýe bo­lan Bill Geýts dün­ýä­niň iň baý ada­my bol­ma­gyn­da gal­ýar. Bill 1995-nji ýyl­dan bä­ri aýa­ly Me­lin­da bi­len je­mi 35 mil­liard dol­la­ry ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri­ne ba­gyş­la­dy.
Bill Geýts dün­ýä­de jo­mart ha­ýyr-sa­ha­wat­çy­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Onuň 2000-nji ýyl­da esas­lan­dy­ran “Bill we Me­lin­da Geýt­siň gaz­na­sy” dün­ýä­de iň iri ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­la­ry­nyň bi­ri­dir. Onuň mak­sa­dy sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny in­no­wa­si­ýa en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek we ony dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne öw­ret­mek­den yba­rat­dyr. Bill Geýts söý­gü­li aýa­ly we üç ça­ga­sy bi­len Wa­şing­ton kö­lün­den uzak­da bol­ma­dyk ýer­de ýa­şa­ýar. Geýts oka­mak, golf we brij oýun­la­ry bi­len gy­zyk­lan­ýar.
Bill Geýt­siň ga­nat­ly söz­le­ri:
Men müş­gil işe he­mi­şe ýal­ta­la­ry çek­ýä­rin, çün­ki olar işi ber­jaý et­me­giň iň aň­sat tä­ri­ni bil­ýär­ler.
Ha­çan-da, kel­lä­ňi­ze go­wy pikir ge­len bol­sa, ba­da-bat işe gi­ri­şiň.
Ber­jaý ed­ýän işi­ňiz­den lez­zet al­sa­ňyz, öm­rü­ňiz­de hiç ha­çan iş­le­me­dik ýa­ly bo­lar­sy­ňyz.
Eger-de sen­de in­ter­net bol­ma­sa, on­da sen­de biz­nes hem bol­maz.

Taýýarlan Aý­ta­na Ýaz­me­do­wa,
Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.