Mälim bolşy ýaly, Fransiýada ýerleşýän Luwr muzeýi dünýäniň iň iri hem-de has meşhur çeperçilik muzeýleriniň biridir. Ol özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ine, şeýle muzeýleriň ýene-de biri Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde hem peýda boldy. BAE-niň paýtagtynda açylan Luwr muzeýiniň açylyş dabarasyna Emirligiň ýolbaşçylary we Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron gatnaşdy.
Fransiýanyň Prezidenti dabarada eden çykyşynda bu ýerde görlüp-eşidilmedik wakalaryň şaýady bolýandyklaryny belläp, medeniýeti, bilimi we owadanlygy wasp etmegiň özüniň adamzat üçin gaty uly üstünlikdigini mälim etdi. Abu-Dabiniň öz Luwry bar. Saadiýat adasynda ýerleşýän sungat toplumy öz içine uly bolmadyk 55 desgany alýar. Olar ýodalar hem-de seýilgähler bilen birleşýär. Ägirt uly taslama üçin 1 milliard dollardan gowrak serişde goýberildi. Bu ýere dünýäniň ähli künjeginden jahankeşdeleriň gelmegine garaşylýar. Diňe “Luwr” adyny ulanmak üçin 30 ýyl möhlete 525 million dollar tölendi. 97 müň inedördül metri eýeleýän muzeýiň gurluşygy üçin 10 ýyl gerek boldy.
Bu taslamanyň binagäri fransiýaly Žan Nuwel bu taslamanyň arap dünýäsiniň medeniýetini hem-de sungatyny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Bu taslama Pariž bilen Abu-Dabiniň arasyndaky hökümetara ylalaşygyň esasynda döredildi. Bu ýerde 600-e golaý sungat eseri ýerleşdirildi. 300 eser Fransiýanyň muzeýlerinden kireýine alyndy. Olaryň arasynda Leonardo da Winçiniň, Wan Goguň, Pol Gogeniň, Pablo Pikassonyň we beýleki dünýä belli suratkeşleriň meşhur eserleri bar.