ABŞ-nyň “Northwestern” uniwersitetiniň işgärleriniň täze barlaglarynda beýlekiler bilen ysnyşykly we ynamly gatnaşyk saklamagyň diňe bir ýalňyzlykdan halas etmän, eýsem, beýniniň işine-de oňaýly täsirini ýetirýändigi belli boldy. Barlaglara 80 ýaşly we ondan uly ýaşlylaryň gatnaşandygy “The Deccan Chronicle” saýtynda ýazylýar. Alymlar gatnaşyjylaryň ruhy saglygynyň esasyny düzýän ugurlara, şol sanda, başgalar bilen aragatnaşygynyň derejesine baha berdiler. Barlag geçirijiler 80 ýaşly we ondan uly ýaşlylaryň huşunyň 50-60 ýaşlylaryňky ýaly guratdygyny, şeýle hem olaryň başgalar bilen gatnaşygynyň derejesiniň öz deň-duşlary bilen deňeşdireniňde, ep-esli ýokarydygyny ýüze çykardylar. Hünärmenler beýlekiler bilen dostluk gatnaşyklaryny saklamagyň huşsuzlygy peseldýän sebäpleriň biri diýen netijä geldiler. Mundan ozal, Ýaponiýanyň Tohaku uniwersitetiniň işgärleri apelsin, greýpfrut, limon ýa-da laým ýaly miweleriň her günde iýilmeginiň huşsuzlygy pese düşürýändigini ýüze çykarypdylar.