Kömelegiň uzak wagtlap açlyk duýgusyny gowşadýandygy ABŞ-nyň Minnesot uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlaglarda belli boldy. Alymlaryň sözlerine görä, köp berhizler ýokumlylygyna görä, iýmitlik gymmaty boýunça meňzeş, ýöne doýgunlyk derejesi boýunça üýtgeýär.
Mysal üçin, hoz tiz doýurýar, ýöne şekere we ýaglara baý önümler artyk iýmäge mejbur edýär. Barlagyň çäklerinde bilermenler kömelegiň iýmit sanawynyň mynasyp özeni bolup biljekdigini ýa-da bilmejekdigini barladylar. Munuň üçin meýletinçiler toparyny ýygnap, olara dürli ertirlikler we günortanlyk naharlaryny hödürläpdirler.
Her nahardan soňra haýsy ertirligiň ýa-da günortanlygyň doýumly bolanlygy we haýsy nahardan soňra näçeräk tiz açlyk duýgusynyň döränligi barada sorag-jogap geçirilipdir. Olar kömelekden we etden edilen naharlary deňeşdiripdirler. Görüp otursalar, ete garanyňda, kömelek açlyk duýgusyny gowşadýan eken. Şeýlelikde, ertirlikde et önümlerini saýlanlar, günortanlyk naharynda kömelegi saýlanlara garanyňda, 100 kaloriýa töweregi köp nahar iýipdirler. Şübhesiz kömelegiň artykmaç tarapy hem olar witaminlere we antioksidantlara juda baýdyr.