Ýa­po­ni­ýa­da 2020-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Olim­pi­ýa oýun­la­ry üçin kö­mek­çi ro­bot­lar sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. ХХХII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da bu ro­bot­la­ryň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ba­ra­da “TASS” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
Sy­nag üçin ro­bot­la­ryň 5 gör­nü­şi saý­la­nyp alyn­dy. Olar ýur­duň 5 sa­ny iri kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­lan­dy. Ro­bot­la­ryň esa­sy we­zi­pe­si dün­ýä­niň iri sport ýa­ry­şy­na to­ma­şa et­mek üçin ge­len da­şa­ry ýurt sy­ýa­hat­çy­la­ry­na ge­rek­li mag­lu­ma­ty ber­mek­den yba­rat. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, ro­bot bi­len 4 dil­de – ýa­pon, iň­lis, hy­taý hem-de ko­reý dil­le­rin­de gür­le­şip bo­lar. Ýa­pon hö­kü­me­ti­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Olim­pi­ýa oýun­la­ry döw­rün­de ro­bot­la­ryň hyz­ma­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy ýa­pon teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň tu­tuş dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ýan­dy­gy­na şa­ýatlyk eder. ХХХII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry 2020-nji ýy­lyň 24-nji iýu­ly – 9-njy aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­ler.