Aziýanyň futbol klublarynyň 2-nji derejeli ýaryşy bolan AFK Kubogynyň finalynda Yragyň “Al-Kuwa Al-Jawiýa” (“Eýr Fors”) topary bilen Täjigistanyň “Istikloly” duşuşdy. Täjigistanyň Gissar şäherindäki merkezi stadionda oýnalan duşuşykda BAE-li Mohammed Abdulla Hassan Mohamed jürlewük çalyp, oýna 20 müň janköýer tomaşa etdi. Duşuşygyň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymda, has takygy 68-nji minutda Emad Mohsiniň ýeke-täk pökgüsi Yrak toparyna ýeňiş getirdi. Şunlukda, 14-nji sapar geçirilen AFK Kubogy ýaryşynda “Al-Kuwa Al-Jawiýa” bassyr 2-nji gezek ýeňiji boldy. Olar geçen ýylky finalda Hindistanyň “Bengalaru” toparyny 1–0 hasabynda ýeňipdi. “Istiklol” bolsa, 2015-nji ýyldan soň, bu ýylam finalda asgyn geldi. Täjik topary 2015-nji ýylda Malaýziýanyň “Johor Darul Ta’zim” toparyndan şol bir hasap bilen utulypdy. AFK Kubogyny häzirki güne çenli iň köp “Al-Kuwait” topary eýeläp, kuweýtliler 3 sapar ýeňiş gazandy. Iordaniýanyň “Al-Faýsaly” topary bilen “Al-Kuwa Al-Jawiýa” toparlary 2 gezek ýeňiji boldy.