Af­ri­ka­nyň Çem­pi­on­lar li­ga­sy ku­bo­gy­ny Ma­rok­ko­nyň “Wi­dad Ka­zab­lan­ka” futbol to­pa­ry eýe­le­di. Olar fi­nal­da Mü­sü­riň “Al Ah­li” to­pa­ryn­dan 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Bir hep­de ozal, Mü­sür­de oý­na­lan 1-nji du­şu­şyk 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de gu­ta­ryp­dy (Za­ka­ri­ýa 3 – Ben­çar­ki 16). Ma­rok­ko­nyň Alek­sand­ri­ýa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len jo­gap du­şu­şy­gyn­da-da ýer eýe­le­ri 1–0 ha­sa­byn­da ýeňiş gazandy. Çem­pi­on­ly­ga ýe­ti­ren bu ýe­ke-täk pök­gi­ni 69-njy mi­nut­da El-Kar­ti der­we­zä gi­riz­di. Ka­zab­lan­ka­ly­lar 1991-nji ýyl­dan soň, 2-nji ge­zek yk­ly­myň iň uly ku­bo­gy­na my­na­syp bol­dy. Af­ri­ka­nyň iň öň­de­ba­ry­jy klub­la­ryn­dan “Al-Ah­li” bol­sa, 3-nji sa­par fi­nal­da utul­dy. Olar bu ýa­ryş­da 8 ge­zek çem­pi­on bo­lup, ku­bo­gy iň köp alan to­par­dyr. Mü­sü­riň baş­ga bir to­pa­ry “Za­ma­lek” bi­len Kon­go DR-niň “TP Ma­zem­be” klu­by 5 sa­par ýe­ňiş ga­zan­dy.