Möwsümiň iň soňky “Masters” ýaryşy bolan Pariž “Masters” bäsleşiginde garaşylmadyk tennisçi çempion boldy. Ýaryşyň finalynda 22-nji hatardaky amerikaly Jek Sok bilen 77-nji basgançakdaky serbiýaly Filip Kraýinowiç duşuşdy. 1 sagat 59 minutlap dowam eden duşuşykda 2:1 (5:7, 6:4, 6:1) hasabynda ýeňiş gazanan 25 ýaşly Jek Sok ilkinji “Masters”, umumylykda-da 4-nji ATP çempionlygyny gazandy. Bu ýeňişden soň, Jek Sok ýylyň jemleýji bäsleşiginde çykyş etmäge hukuk gazanan 8-nji tennisçi boldy.