Geçen hepdäniň ahyrynda Bermeýn Stiwerni 1-nji raundda (2 minut 59 sekuntda) nokaut arkaly ýeňmegi başaran amerikaly Deonteý Waýlder iňlis boksçysy Entoni Joşua bilen tutluşmak isleýändigini aýtdy. Soňky duşuşykda gazanan ýeňşi bilen agyr agram derejesindäki WBC çempionlyk guşagyny özünde saklap galan 32 ýaşly Waýlder: – Bütin dünýä Waýlder–Joşua tutluşygyna garaşýar. Wagtyny özüň kesgitle, ýöne uzaga çekdirme. Göreliň, haýsymyz has güýçli – diýip, angliýaly ýaş boksça ýüzlendi. Waýlder häzire çenli 39 duşuşyk geçirip, şolaryň 38-sinde nokaut bilen ýeňiş gazandy. WBA we IBF guşaklarynyň eýesi Joşua bolsa, geçiren 20 duşuşygynyň hemmesinde-de garşydaşlaryny nokauda iberipdi. Iki ussat boksçynyň tutluşyp-tutluşmajakdygy öňümizdäki günlerde belli bolar.