Kiwi diýlende, hemmämiz gyş paslynyň iň halanýan miweleriniň biri bolan turşumtyk miwäni göz öňümize getirýäris. Emma kiwi dünýäniň ýeke-täk ganatsyz guşunyň adydyr. Hatda bize mälim bolan bu miwe hem şol guşa meňzeş bolansoň şeýle atlandyrylypdyr. Ýer ýüzünde diňe Täze Zelandiýada ýaşaýan bu guş ýurduň nyşanlarynyň biri hasaplanýar. Olaryň 5 görnüşi bolup, käbiri seýrek gabat gelýän jandarlaryň hatarynda durýar. Bu guşuň beýleki guşlardan tapawudy onuň ganatynyň ýoklugydyr. Guşlaryň ganatly, ýöne uçup bilmeýän görnüşleri hernäçe köp hem bolsa, ganaty ýok guşlar diňe kiwiler maşgalasydyr. Bu jandarlar örän ýokary tizlik bilen ylgaýarlar. Olaryň ululygy adaty towugyňka barabardyr – boýy 45 santimetre, agramy 1,5 kilogramdan 4,5 kilograma çenli bolýar. Olaryň çüňkleri has inçe we uzyn bolup, ýelekleri hem adaty guşlaryňkydan tapawutlylykda has gaty bolýar. Adatça gijesine yzgarly toprakdaky otlar, gurçuklar we beýleki mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Olar garaňkyny halaýarlar. Gündizine agaç köweklerinde we beýleki garaňky ýerlerde mesgen tutýarlar. Olaryň ýene bir aýratynlygy ys alyş ukybynyň ýokary bolmagydyr. Aw edýän ýyrtyjy guşlaryň gözleri ýiti bolýar. Sebäbi olar öz awuny uzakdan görüp, bat bilen baryp, ony tutmaly bolýar. Emma bu guşlara ýiti göz däl-de, ýeriň astyndaky gurçugy ýa-da agajyň düýbüne gaçan miwedir ir-iýmişi tapmaga ys alyş ukyby kömek edýär.