“Peu­ge­ot SA” kom­pa­ni­ýa­sy Al­žir­dä­ki hyz­mat­daş­la­ry bi­len Ýa­kyn Gün­do­gar we Af­ri­ka üçin ulag ön­dür­mek babatda bi­le­lik­dä­ki kär­ha­nany dö­ret­mek ha­kyn­da­ky yla­la­şy­ga gol çe­kiş­di. Fran­si­ýa­ly aw­tou­lag ön­dü­ri­ji “Peu­ge­ot SA”-nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, kom­pa­ni­ýa “Con­dor Electro­nics”, “Pal­pa Pro” hem-de “Ent­rep­ri­se Na­tio­na­le de Pro­ducti­on de Machi­nes-Ou­tils” kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len yla­la­şyk bag­la­şyp, Oran şä­he­rin­de bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­ny dö­ret­megi göz öňün­de tu­t­ýar.

Kom­pa­ni­ýa­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 2019-njy ýyl­da kär­ha­na­ny tas­la­ma kuw­wat­ly­ly­gy­na ýe­tir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Kär­ha­na­nyň özü­ni 2018-nji ýyl­da ulan­ma­ga ber­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­nyň paý­na­ma­sy­nyň 49 gö­te­ri­mi­ne eýe­çi­lik eder we 100 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum goý­ar.
2021-nji ýyl­da bu kär­ha­na Ýa­kyn Gün­do­gar­da we Af­ri­ka­da 700 müň aw­tou­lag sat­ma­gy mak­sat edin­ýär. 2016-njy ýyl­da fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy bu se­bit­de 380 mü­ňe go­laý ulag sa­tu­wy­ny ama­la aşyr­dy.