“Kingston” kompaniýasynyň täze çykaran “microSD karty” yssa çydamlylygy bilen tapawutlanýar. “UHS-I Class10 Industrial Temperature” atly çip, 40 gradus sowukdan 85 gradusa çenli gyzgynlykda bökdençsiz işläp bilýär. Onuň okaýyş tizligi 90 MB/s we ýazyş tizligi 45 MB/s. Emeli ýadyň 8 GB, 16 GB, 32 GB we 64 GB görnüşleri bar. Dürli şertlerde işlemäge ukyply çip golaýda müşderilere hödürlener. Suwa, yrgyldama we ultramelewşe şöhlelerine garşy goragly bolan çipiň bahasy häzirlikçe mälim edilmedi.