Halkara Energetika agentligi “World Energy Outlook 2017” (WEO-2017) atly her ýyldaky energiýa bazaryndaky çaklamalary baradaky nobatdaky beýanatyny mälim etdi. Şol beýanatda 2040-njy ýylda energiýa serişdelerine hem-de elektrik energiýasyna bolan islegiň 30 göterim ýokarlanjakdygy bellenip geçilýär.
Çaklamalara görä, dünýäde energiýa serişdelerini hem-de elektrik energiýasyny has köp sarp edýän ýurtlaryň sanawynda öňdeligi Hytaý eýelär. Şeýle hem islegiň belli bir derejede (30 göterime golaý) ýokarlanmagyna Hindistan hem öz goşandyny goşar. Hindistanyň energiýa serişdelerine bolan islegi 2016-njy ýylda 7 göterimden 11 göterime çenli ýokarlandy. Mundan başga-da, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda-da bu ugurdaky görkezijilerde görnetin artyş emele geler.
Emma ösen ykdysadyýete eýe bolan käbir ýurtlar energiýa serişdeleriniň sarp ediliş mukdaryny azaldar. Meselem, Ýewropada 2040-njy ýylda bu görkeziji häzirki derejesinden 10 göterim pese düşer.
Halkara Energiýa agentliginiň belleýşi ýaly, energiýa serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagy şäher ilatynyň hem-de halkyň girdejisiniň artmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Çaklamalara görä, 2040-njy ýylda şäher ilatynyň sany 1,7 milliard adama golaýlar. Bu ýagdaýa, esasan hem, ösüp gelýän ýurtlarda has köp duş gelner.
Garaşylyşy ýaly, 2040-njy ýylda dünýäniň ilaty 7,4 milliarddan 9 milliarda çenli ýokarlanar. Şol döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini ortaça her ýylda 3,4 göterime barabar bolar.
NEBITE ZERURLYK
12 GÖTERIM KÖPELER
Şeýle hem Halkara Energiýa agentligi 2040-njy ýyla çenli dünýäde nebite bolan islegiň 12 göterim köpeljekdigini mälim etdi. Bu görkeziji bir gije-gündizde 104,9 million barrele deň bolar.
Bu ugurdaky görkezijilere ser salanyňda, Hytaýyň has köp nebit sarp etjekdigi aýdylýar. Emma 2020-nji ýylyň ahyrynda Hindistanyň “gara altynyň” sarp edilişinde Hytaýdan öňe geçmegi bolsa, bilermenleri haýran galdyrýar. Mundan başga-da Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda-da nebite bolan islegiň ýokarlanmagyna garaşylýar.
Uzak möhletleýin geljekde nebite bolan isleg, esasan hem, ýükleriň daşalmagy, awiasiýa hem-de nebithimiýa pudaklarynda has-da köpeler. 2025-nji ýyldan elektrik togy bilen işleýän awtoulaglaryň ulanyşa girizilmegi bilen nebitiň sarp edilişiniň birneme azalmagy mümkin. Çaklamalara görä, 2040-njy ýylda elektrik togy bilen hereket edýän ulaglaryň sany 280 milliona (tutuş dünýädäki ulaglaryň umumy sanynyň 15 göterimi) barabar bolup, ol hem gündelik nebit zerurlygyny 2,5 million barrele çenli azaldar.
NEBIT ÖNÜMÇILIGINE
ULY MAÝA GOÝUM
Tutuş dünýäde nebit önümçiliginde öňdeligi eýeleýän Saud Arabystanynyň “Saudi Arabian Oil Co.” (Saudi Aramco) döwlet nebit kompaniýasy 10 ýylyň dowamynda nebit we tebigy gaz gözleg hem-de gazyp almak işlerine 300 milliard dollar möçberinde maýa goýum özleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň başlygy Amin Nasser habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, ýerde we deňiz ýalpaklarynda uglewodorod serişdelerini gözlemek hem-de çykarmak babatda ýerli we daşary ýurtly kompaniýalar bilelikde iş alyp bararlar.
Nasseriň belläp geçişi ýaly, “Saudi Aramco” kompaniýasy bir gije-gündizdäki nebiti gaýtadan işlemek kuwwatyny 5 million barrelden 8-10 million barrele ýetirer.