Deňiz we umman suwunyň şordugyny, ýagny düzüminde köp mukdarda duzuň bardygyny hemmämiz bilýäris. Suwda ereýänligi üçin duzy görüp bilmeýäris, emma deňze girip çykanymyzdan soňra, tenimizde duzuň ýokundysyny görüp bilýäris. Sebäbi tenimizdäki suw bugaryp, duz bugarman galýar. Eýsem, onuň düzümindäki duz nädip döredikä?! Aslynda, deňizdir ummanlar süýji suwly bolan bolsady, olar bugaryp gutarardy ýa-da azalardy. Ýer ýüzündäki gaýalyklaryň düzüminde köp mukdarda duz bolýar. Hatda olaryň köpüsi tutuşlygyna diýen ýaly duzdan emele gelýär. Onuň töwereginden geçýän derýalar we beýleki akar suwlar bu ýerlerdäki duzy akdyryp alyp gidýär. Şeýlelikde, deňiz suwuna duz garyşýar. Wagtyň geçmegi bilen deňiz suwundaky duz mukdary artýar. Sebäbi deňziň suwy bugaryp, düzümindäki duz bugarmadyk suwda galýar. Bu hadysa yzygiderli dowam edip gelýär.
Deňiz we umman suwunyň şor bolmagynyň ýene bir sebäbi wulkanlardyr. Ýer ýüzi ilkinji emele gelen mahaly aşa köp wulkan partlapdyr we köp mukdarda duz deňiz suwuna goşulypdyr.
Deňziň şor bolmagynyň ýene bir sebäbi, olaryň teýinden pürkülip çykýan ýerasty suw çeşmeleridir. Şor ýerasty suwlar köp mukdarda bolup, deňziň düýbündäki aýryklardan çogup çykýar. Deňiz suwunyň düzümindäki duz bir-birinden tapawutly bolýar. Munuň sebäbi bolsa, şol ýerdäki howanyň ýylylygy bilen baglydyr. Mysal üçin, dünýäniň yssy sebitindäki Ortaýer deňziniň duz mukdary köp. Oňa garanyňda has sowuk bolan Gara deňziň şorlulygy pesräkdir. Sebäbi yssy howada suw yzygiderli bugarýar.