irleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny 2015-nji ýylda agza döwletleriniň ählisiniň goldamagynda ikinji gezek ykrar etmegi ata Watanymyzyň taryhynda uly waka boldy. Häzirki günlerde ýurdumyzyň Bitaraplygynyň tutuş adamzat jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygy halkymyzyň buýsançly başyny asmana ýetirýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Rezolýusiýasy esasynda 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Bu uly ähmiýetli syýasy wakany abraýly halkara guramanyň agzalarynyň hemmesi biragyzdan ykrar etdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukugyna esaslanýan parahatlyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri häzirki döwürde uly ösüşlere beslenýär.
Biziň halkymyzy goňşy ýurtlar bilen köpasyrlyk dostluk hem-de medeni umumy däpler birleşdirýär. Halkara bileleşiginiň Bitaraplygyny resmi taýdan ykrar eden ilkinji döwleti bolan Türkmenistanyň bu hukugy sebitde durnuklylygy üpjün etmäge hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmäge ýardam edýär. Diýarymyzyň her bir raýaty hemişelik Bitaraplyga röwşen geljege beýik ynamyň hem-de durnukly ösüşiň binýady hökmünde garaýar.
Hormatly Prezidentimiz hemişelik Bitaraplyk arkaly mertebesi barha ýokary göterilýän bu ýeke-täk derejä bimöçber guwanjyny tüýs ýürekden şeýle belleýär: “Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan Türkmen Bitaraplygy, hakykatdan hem gudratdyr!”
Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleriniň hemmesi bilen hoşniýetli gatnaşyklary, taraplar bilen bähbitli hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barýar. Bulary mundan beýläk hem dowam etdirmek arkaly ony geljekde has ösdürmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Munuň hut şeýledigine milli Liderimiziň şu ýylyň güýzüniň başyndan bäri goňşy ýurtlara saparlary, daşary ýurtlaryň döwlet, hökümet Baştutanlary, halkara guramalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynda ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak, ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek babatdaky geçiren gepleşikleri anyk şaýatlyk edýär.
Ýeri gelende aýtsak, Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Aşgabat-2017” oýunlaryna Bosgunlar toparynyň gatnaşdyrylmagy dünýä halklarynyň arasynda uly kanagatlanma döretdi. BMG-niň adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” dünýäniň 29 ýurdunyň goldamagynda ýokary ynsanperwer resminama bolup durýan Jarnamanyň kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň uly üstünliginiň subutnamasy boldy.
Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň halkara ulag – üstaşyr düzümini ösdürmäge gönükdirilen saldamly goşandyny ykrar edip, döwletimiziň Bitaraplygynyň ynsanperwerligini hem alamatlandyrýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, ýurduň dünýäniň ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyna giň mümkinçilik açýar. Biziň ata Watanymyz özüniň ýöredýän daşary syýasatynda goňşy Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklaryň mundan buýana hem pugtalandyrylmagyna, doganlyk owgan halkynyň parahat we durnukly, asuda durmuşda ýaşamagyna ählitaraplaýyn ýardam berýär. Ýokary okuw mekdeplerimizde goňşy halkyň ýaşlarynyň ençemesi okaýar. Ýurdumyz Owganystana elektrik energiýasyny, suwuklandyrylan gazy ýeňillikli bahadan iberýär. Ýurtda durmuş maksatly desgalar, mekdep we çagalar öýi bina edildi.
Mähriban diýarymyz Owganystana azyk, ýangyç, derman, lukmançylyk serişdeleridir beýleki önümleri ynsanperwer kömek hökmünde yzygiderli ugradýar.
Garaşsyz Watanymyzyň Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylyk arkaly kadalaşdyrylmagyna janypkeşlikli çalşyp, işjeň gatnaşýandygyny göz öňünde tutup, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimize iberen gutlagynda: “Men Owganystanyň ynsanperwer we düzümleýin ösüşi babatda möhüm goşandy we goldawy üçin Türkmenistana tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin” diýmegi ýurdumyzyň Owganystan meselesine juda juda içgin çemeleşýändiginiň, halkymyzyň öz goňşusynyň geljeginiň aýdyň, durmuşynyň bagtyýarlygyny ýürekden isleýändiginiň delilidir.
Golaýda gözel paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny” atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi, hoştap güýz günlerinde paýtagtymyzda halkara derejesinde ençeme duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilip, olarda degişli resminamalaryň kabul edilmegi Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen dünýäde ýeke-täk döwlet hökmünde öz borçlaryna wepaly bolup galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.