Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döredip, dünýä giňişliginde beýik ykrarnama eýe bolan milli gymmatlyklaryna belent sarpa goýulýandygy biziň her birimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň sarpasynyň gün-günden belende göterilmegi nesilleriň aňynda ata-baba aňrymyza, pederlerimiziň abyrsyz zähmeti bilen döreden belent işlerine bolan çäksiz hormatyň artmagyna getirýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, ol ýerde katdy-kamatyna taý tapylmaz ahalteke bedewleri bilen didarlaşmagy, topluma golaý ýerde erkinligiň gujagynda gezip ýören türkmen alabaýyna nazar salmagy hem şeýle asylly ýörelgäniň nyşany hökmünde kalplarda buýsanç duýgularyny döretdi.
Başda belläp geçişimiz ýaly, topluma barylýan çäkde eziz Arkadagymyzyň nazary tebigy keşbini – owadan durkuny türkmeniň tebigatynyň gözel keşbinden alan türkmen alabaýynda eglendi. Mälim bolşy ýaly, türkmen alabaýy maşgala ojagyny, abadançylygy sak goraýjylygy, eýesine wepalylygy, ýanbermezligi, şol bir wagtyň özünde mähremligi bilen älem giňişliginde bellidir. Hut şonuň üçin-de Wepaly adyna eýe bolan türkmen alabaýy “Aşgabat 2017”-niň şekili hökmünde saýlanyp alyndy. Batyr, gaýduwsyz, buýsançly, söweşde ýeňilmezekligi bilen umumadamzat hakydasynda ýer alan alabaýyň belent şekili dünýä sportunda altyn sahypany açan “Aşgabat 2017”-niň bütin dowamynda türkmen türgenleriniň gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýörelgeleri bilen içgin utgaşdy.
Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň we daýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Hasyl baýramynda syn-syýakly Melehan atly ahalteke bedewi sowgat berlipdi. Ahalteke atçylyk toplumynda eziz Arkadagymyzyň Melehan bilen didarlaşmagy – ynsan bilen bedewiň mährem nazarlarynyň bir akabadan gözbaş alýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Alaja – gowulygy kalbyna ýaran eden türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden taýsyz el işidir. Ony halkymyz jaýa, ulaga, öýe göz degmezligi, goraýjy hökmünde ulanyp gelipdir. Ol toý-baýramlaryň-da aýdyň nyşany. Hormatly Prezidentimiziň asylly däbe eýerip, bedewiň boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň dokan alajasyny dakmagy aýratyn mana eýedir. Munuň özi halkymyzyň asylly ýörelgeden gözbaş alýan däpleriniň häzirki wagtda uly orna eýedigini aňladýar.
Mähriban Arkadagymyz: “Halkymyzyň atşynaslyk sungatyny ösdürmekde gazanylýan üstünlikler biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ajaýyp ahalteke atlarymyza goýýan belent sarpamyzyň, hormatymyzyň we çäksiz söýgimiziň aýdyň mysalydyr” diýip örän jaýdar belleýär. Häzirki döwürde ýelden ýyndam bedewlerimiz dünýä arenasynda üstünlikli çykyş edýär. Olaryň halkara sirk festiwallarynda we atçylyk sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri ýurdumyza uly şöhrat getirýär. “Aşgabat 2017”-niň oýunlarynyň konkur görnüşinde ahalteke bedewleriniň çykyşlarynyň dünýäni haýrana goýmagy, olaryň her bir usulda çeýeligini, ýyndamlygyny, hüşgärligini äleme ýaýdy.
Ahalteke atçylyk toplumynda eziz Arkadagymyz Melehan atly bedewine edilýän ideg, onuň ýagdaýy bilen ýakyndan tanyşdy. Nesil ugry şöhratly Pereň atly ady rowaýata öwrülen bedewden gaýdýan maňlaýy sakar, gözleri mähirli, gulaklary keýerip duran, boýny kümüş şaý-sepleri bilen kemsiz bezelen Melehan tebigy gözelligi bilen hakydalarda ýer edýär. Mähriban Arkadagymyzyň özüne bildirýän ynamyny, çäksiz mährini ýakyndan duýýan Melehanyň ümzügi belent. Bu gylyklary onuň geljekde ýyndamlyk görkezip, nesil ugruna mynasyp şöhrat getirjegine bolan ynam döredýär.
Türkmenleriň gadymy döwürlerde bedew atlaryny ezizländikleri mälimdir. Muňa pähimdar ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda bedew atlar hakynda döreden “At aýagy gitgir, ozan dili ötgür”, “At basyşyndan belli, är – bakyşyndan”, “Ata çykan alysy görer”, “Ata gerim gerek, ýigide – dost”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Atym bar – ganatym bar”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Atlynyňky – alnynda, düýeliniňki – töründe”, “Aty atasy bilen tanadarlar, gatyry – enesi bilen”, “Aty baryň ganaty bar, ogly baryň – döwleti”, “Atda garyn, itde burun” ýaly onlarça nakyllar aýdyň mysaldyr.
Asyrlaryň, gerdişleriň, heňňamlaryň synagyndan geçen milli gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanýandygy kalbymyza ganat berýär. Bu işleriň gözbaşynda duran mähriban Arkadagymyza bolan buýsanjymyza buýsanç duýgularyny goşýar.