u hakykatdan-da, hut şeýle. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Orta Aziýada ilkinji bolup, sebitiň, Awstraliýa, Okeaniýa ýurtlarynyň 64-siniň türgenleriniň gatnaşmagynda “Aşgabat 2017”-niň dünýä derejesinde guramaçylykly geçirilmegi, onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ussat türgenleriniň jemi 245 medal (89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç) gazanyp, türgenleri dürli derejedäki medal gazanan 32 ýurduň arasynda 1-nji ýeri eýelemegi täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy.
Çünki bu halkara bäsleşigine gatnaşan iri sport guramalarynyň ýolbaşçylary, türgenler, bilermenler, metbugat işgärleri Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ak mermer paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde ençeme ýyllap zähmet siňdirilip gurlan Olimpiýa şäherçämiziň iň ýokary binagärlik derejesinde gurlandygyny, şeýle uly sport toplumynyň sebitde heniz ýokdugyny, mundan buýana Türkmenistanda sportuň ähli görnüşlerini ösdürmäge, uly halkara ýaryşlaryny geçirmäge uly mümkinçilikleriň döredilendigini, şäherçäniň ýüzlerçe ýyllap merdana halkymyzyň bagtyýar nesillerine hyzmat etjekdigini biragyzdan tassykladylar.
Ýeri gelende, bu ýaryşa taýýarlygyň gidişinde soňky ýyllarda paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerimizde, obalarymyzda ençeme sport desgalarynyň, sport mekdepleriniň, hokkeý, suw, atçylyk sporty bilen meşgullanjak türgenler üçin ýörite desgalaryň gurlandygyny, sport mekdepleriniň açylandygyny hem uly buýsanç bilen belläsimiz gelýär.
Begendirýän ýeri, sport bilen meşgullanýan bagtyýar ýaşlarymyza Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýä we sporta iňňän uly sarpa goýmak bilen uly görelde görkezýär. Sportuň jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň şertidigini ündeýän milli Liderimiz şu aýyň 8-inde Balkan welaýatynda iş saparynda bolan mahaly ir bilen “Awaza” köpugurly sport toplumyna baryp, bedenterbiýe we sport maşklaryny etdi. Soňra türgenleşik zalynda gurnalan sport enjamlarynda çylşyrymly sport maşklaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Arkadag Prezidentimiziň berkarar döwletimizde bedenterbiýäni we sporty günsaýyn ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň häzirki bagtyýar günlerimizde ajaýyp netijeleri berýändigi her birimizde çuňňur hoşallyk duýgularyny oýarýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň jemine bagyşlanan 1-nji noýabrda bolup geçen mejlisinde ýylyň başyndan bäri türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynyň 101-sine gatnaşyp, 745 medal (250 altyn, 227 kümüş, 268 bürünç) gazanandyklary, munuňam geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 198 medal köpdügi habar berildi. Biziň ussat türgenlerimiziň ýaňy-ýakynda uly ýaryşlara gatnaşyp, gazanan ýeňişleri hasam buýsandyrýar. Ussat türgenimiz Gülbadam Babamuratowa Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde 90 döwletden 600 çemesi türgeniň gatnaşmagynda geçirilen sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatyna gatnaşyp, altyn medala mynasyp boldy hem-de 2-nji gezek dünýäniň çempiony diýen belent ada mynasyp boldy. “Aşgabat 2017”-niň oýunlarynda 2 altyn medal gazanyp, ildeşlerimizi diýseň begendiren Gülbadam öň dünýä boýunça bu belent ada 5 ýyl mundan ozal, 2012-nji ýylda mynasyp bolupdy. Gülbadam “Aşgabat 2017”-de gazanan uly ýeňşi üçin hormatly Prezidentimiziň şaserpaýyna we Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen hormatly ada hem-de Soçide gazanan ýeňşi üçin Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin”ordenine mynasyp boldy.
Golaýda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen ýaý atyjylaryň halkara ýaryşynda ýaşlaryň we uly ýaşly ýaý atyjylaryň bäsleşiginde 18 metre ýaý atmak boýunça Aşgabat şäheriniň 27-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Ezizmuhammet Sähedow altyn medala, paýtagtymyzyň 12-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Mekanhan Ýazberdiýew kümüş medala, Aşgabat şäheriniň 87-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Selim Hajyýew bürünç medala mynasyp boldy. Edil şol aralyga – 18 metre ýaý atmak boýunça ulularyň arasynda geçirilen ýaryşda türkmenistanly türgenler 5 kümüş, 2 bürünç medal gazanmagy başardylar. Şeýle buýsançly ýeňişler baradaky mysallarymyzy ýene-de artdyrmak mümkindir.
Guwandyryjy bir hakykatyň – Arkadag Prezidentimiziň berkarar döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmek, bagtyýar ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary baradaky aladalarynyň durmuşa ymykly ornaşýandygy bu gün hemmelere mälimdir!