Günorta Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasynyň “Ioniq” kysymly kiçi awtoulagy “2017-nji ýylyň iň gowy zenan ulagy” derejesine eýe boldy. Geçirilen pikir soraşma görä, ýeňiji 420 sany ulag görnüşleriniň arasyndan saýlanyp alyndy.
“Hyundai Ioniq” bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan ähli görkezijiler boýunça gowy baha mynasyp boldy. Adaty gibrid ulagynyň hereketlendirijisi 120 at güýjüne barabardyr. Şeýle hem ol elektrik togy bilen işleýär. Ol zenanlaryň gowy görýän ulagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tebigata zyýansyz ulag hökmünde hem kabul edildi. Bu ugurda ikinji orna Ýaponiýanyň “Mazda CX-5” kysymly ulagy eýe boldy. Şeýle hem “BMW 5-Series” kysymly ulag iň kaşaň zenan ulagy derejesine eýe bolan bolsa, ABŞ-nyň “Ford Fiesta” ulagy iň arzan zenan ulaglarynyň biri boldy.