Ýolagçy gatnawynda demir ýol ulaglaryny iň köp peýdalanýan ýurtlaryň biri bolan Germaniýada döwlete degişli “Deutsche Bahn” demir ýol edarasy has rahatlygy bilen tapawutlanýan nusgalyk ýolagçy wagonlaryny görkezdi. Nýurnberg şäherinde köpçüligiň dykgatyna ýetirilen demir ýol ulagy ýolagçy gatnawynda ulag görnüşleriniň arasyndaky bäsdeşligiň has hem ýokarlanmagyna getirer. Onuň içinde sporty halaýanlar üçin ýörite sport esbaplary, oýny gowy görýänler üçin güýmenje ýerleri, rahatlygy halaýanlar üçin asuda otaglar, öz işini etmek isleýänler üçin kompýuter otagy göz öňünde tutulypdyr. Bu döwrebap ulagda körpe ýolagçylar hem ýatdan çykarylmandyr. Çagalara niýetlenen bölüm hamana oýun meýdançasyny ýadyňa salýar. Edaranyň ýolbaşçysy Jörg Sandwob geljekde öz müşderilerine has ýokary hyzmaty hödürlemek üçin tagalla etjekdiklerini belleýär.