Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda dünýäde ýeke-täk hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan diňe bir iri milli maksatnamalary ýa-da durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak babatynda-da, abraýly halkara guramalary we ähli döwletler bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde-de uly netijeler gazanýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, milli Liderimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda döwrüň möhüm meseleleriniň parahatçylykly çözülmegine, Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň BMG-niň öňde goýan belent maksatlaryna laýykdygyna şaýatlyk edýär. 1995-nji ýylda dünýäniň 185 döwleti tarapyndan doly derejeli Bitarap diýlip, uly ynam bilen ykrar edilen Türkmenistan häzirki wagtda özüne bildirilen bu uly ynamy doly derejede ödeýär. Bitaraplygymyz barada hormatly Prezidentimiz: “Biziň ýurdumyzyň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Hemişelik Bitaraplyk parahatçylygy söýüjilik, beýleki dinlere hormat goýmak, açyklyk hem türkmenlerde bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny düzýän häsiýetlerimizden ugur alýar” diýip belleýär.
Kähalatlarda döwletara gatnaşyklarynyň dowamynda dürli gapma-garşylyklar, aýdyň çözülmegini talap edýän meseleler ýüze çykýar. Şol meseleleri diplomatik ýollar bilen, halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda çözmek üçin takyk bir döwlet, ýagny Bitarap döwlet saýlanyp alynýar. Onuň Bitaraplyk derejesi gaýry döwletler ýa-da halkara guramalar tarapyndan degişli resminamalar esasynda kepillendirilýär. Şeýle döwletleriň ilkinjisi Şweýsariýa döwletidir. Şweýsariýa 1815-nji ýylda Bitaraplyk derejesine eýe bolýar. Onuň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň esasy sebäpleri, döwletiň daşary syýasatynyň kadaly ýola goýulmagy, ýurduň parahatçylygy, içki tertip-düzgüniň asudalygy, ýurduň geografiki taýdan örän amatly ýerde, ýagny kenarýaka çäginde ýerleşmegi, ol döwlete islendik tarapdan we islendik ulag serişdesi bilen baryp gelmek mümkinçiliginiň aýratynlygy göz öňünde tutulandyr.
Aslynda, bitaraplyk sözüniň asyl manysyna ser salanyňda, bu sözüň özi türkmen halkynyň tebigatyna, häsiýetine gabat gelýän sözleriň biridir. Ýagny bitaraplyk – goşulmaly bir sözden ybarat bolup, öňündäki bi – syz, siz goşulmany aňladýar, tarap sözüniň yzyna goşanymyzda tarapsyz, ýagny hiç bir tarapa degişli däl diýen manyny berýär. Bu bolsa, gatyşmazlyk, goşulyşmazlyk ýaly sözler bilen many taýdan birleşip, ýurt atlarynyň öňüne goşulanda, şol ýurduň hiç bir döwletiň içerki we daşarky syýasatyna gatyşmazlyk syýasatyny alyp barýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda dünýä nusga alarlyk derejede alnyp barylýan Bitaraplyk syýasaty bolsa, halkymyzyň asuda we parahat durmuşda, çeken zähmetleriniň hözirini görüp, rahat ýaşamagyny doly ýagdaýda üpjün edýär.
Garaşsyz Türkmenistan özüniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda GDA döwletleriniň arasynda ilkinjileriň biri bolup, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Şol ýylyň 8-10-njy iýuly aralygynda Fransiýa döwletinde dünýä döwletleriniň 52-siniň gatnaşmaklarynda “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň” nobatdaky “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy” atly halkara konferensiýasy geçirildi. Şol halkara maslahata Türkmenistanyň wekiliýetleri hem gatnaşyp, maslahatda döwletimize Bitaraplyk derejesiniň berilmegi babatynda ilkinji ädimler ädildi.
“Biz saýlap alan nusgamyzy “oňyn Bitaraplyk” diýip atlandyrdyk we onuň düýpli düzgünlerini: parahatçylygy söýüjilik, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk.
Biziň bu ugry, ilki bilen, öz milli bähbitlerimizden ugur alyp saýlap alandygymyzy ýene-de bir gezek belleýärin” diýýän Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplyk güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýä döwletleriniň 193-siniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde oňa gatnaşyjy döwletleriň biragyzdan goldamaklary esasynda “Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygyny täzeden beýan edýär” diýip, ýörite Rezolýusiýa kabul edildi we bu ajaýyp pursatlar türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde milli Liderimiziň öňe süren asylly başlangyçlary esasynda her ýylyň 12-nji dekabryny “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.
Goý, dünýäde parahatçylygy we adamzat howpsuzlygyny üpjün etmekde gujur-gaýrat görkezýän, türkmen halkyna erkana we eşretli durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan asylly işleri hemişe rowaç bolsun! Türkmenistan Watanymyz ösüşlerden ösüşlere beslensin, toýlar-toýa ulaşsyn!
Maýa Ýalkapowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.