Ata Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da yk­lym­la­ra gö­rel­de, asyr­la­ra nus­ga­lyk be­ýik iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýurt aba­dan, il ag­zy­bir bo­lan­da dur­muş aja­ýyp­la­şyp, pur­sat­lar şat­lyk-şa­ga­la­ňa, aý-gün­ler bol­sa, toý­dur baý­ra­m­la­ra bes­len­ýär. Döw­rüň be­lent­lik­le­ri­ni na­zar­lap, öňe bar­ýan ber­ka­rar Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry we bi­möç­ber ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de ýaş nes­li­mi­ziň bag­ty­ýar hem-de aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýaş­la­ryň hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry­na, saý­lap alan hü­när­le­ri bo­ýun­ça bi­lim­le­ri­ni art­dyr­mak­la­ry­na, yl­my we dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­ne hö­wes­len­mek­le­ri­ne, dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry­nyň gi­ňel­me­gi­ne, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry­na gol­daw ber­mek Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­de goý­ýan baş we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir.
Soň­ky on ýy­lyň do­wa­myn­da türk­men ýaş­la­ry­nyň dün­ýä de­re­je­li bi­lim al­mak­la­ry üçin dö­re­di­len şert­ler sa­nar­dan kän. Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de, hat­da, uzak oba­la­ryn­da-da tä­ze, iň hä­zir­ki za­man en­jam­lar bi­len do­ly en­jam­laş­dy­ry­lan or­ta mek­dep­le­riň, ýö­ri­te or­ta hü­när, sport, saz­çy­lyk mek­dep­le­ri­niň tä­ze bi­na­la­ry­nyň gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len­di­gi, il­kin­ji ge­zek mek­de­be ga­dam bas­ýan ça­ga­la­ryň äh­li­si­ne Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan ýö­ri­te sow­gat­la­ryň be­ril­ýän­di­gi ola­ryň ýo­ka­ry okuw­la­ra taý­ýar­ly­gy­na bo­lan iş­jeň­li­gi, hö­we­si art­dyr­ýar.
Is­len­dik ýur­duň äh­li pu­dak­la­ry­nyň do­wam­ly ös­me­gi üçin olar­da iş­le­ýän, iş­le­jek hü­när­men­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­li bi­lim­li bol­ma­ly­dy­gy ka­nu­ny ýag­daý­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da ýo­ka­ry bi­lim ber­ýän okuw mekdeplerimiziň sa­ny yzygiderli artýar. Gö­zel paý­tag­ty­myz­da Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň, Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Je­ma­gat ho­ja­ly­gy ins­ti­tu­ty­nyň, ýur­du­my­zyň har­by bö­lüm­le­rin­de, ser­het, güm­rük gul­luk­la­ryn­da, de­ňiz flo­tyn­da iş­le­jek hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ýan ýo­ka­ry mek­dep­le­riň açyl­ma­gy bag­ty­ýar ýaş­la­ry­myz ba­bat­da uly ala­da­la­ryň edil­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýän­dir.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len gö­zel paý­tag­ty­myz­da Or­ta Azi­ýa­da il­kin­ji ge­zek “Aş­ga­bat 2017”-niň ge­çi­ril­me­gi, on­da eder­men tür­gen­le­ri­mi­ziň ýa­ry­şa gat­na­şan 64 döw­le­tiň tür­gen­le­ri­niň ara­syn­da 1-nji or­ny eýe­le­me­gi ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň şa­ýa­dy bol­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň ylym-bi­lim­de, sport­da ga­zan­ýan uly üs­tün­lik­le­ri Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň olar hak­da ed­ýän ata­lyk ala­da­la­ry­nyň ýe­ri­ne düş­ýän­di­gi­ne anyk şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry şu ýy­lyň 10 aýyn­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len ders bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, 80 me­da­la (11 al­tyn, 25 kü­müş, 44 bü­rünç) my­na­syp bol­du­lar. Hal­ka­ra in­ter­net bäs­le­şi­gin­de ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar 143 (57 al­tyn, 29 kü­müş, 57 bü­rünç) me­dal ga­zan­dy­lar. Ýur­du­my­zyň ta­lyp­la­ry şeý­le ýa­ryş­lar­da je­mi 28 me­dal (5 al­tyn, 9 kü­müş, 14 bü­rünç) ga­zan­dy­lar. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry hal­ka­ra in­ter­net bäs­le­şi­gin­de 151 baý­rak­ly or­ny (45 al­tyn, 47 kü­müş, 59 bü­rünç) eýe­le­di­ler. Ýur­du­my­zyň or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry hem şeý­le ýa­ryş­da 6 al­tyn, 9 kü­müş we 3 bü­rünç – jemi 18 me­da­la my­na­syp bol­du­lar.
Ga­za­ny­lan bu be­lent sep­git­le­riň göz­ba­şyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry, ir­gin­siz zäh­me­ti, döw­rüň ba­dy­na tiz­lik ber­ýän baş­lan­gyç­la­ry, jöw­her pa­ra­sa­ty du­ran­dyr. Ola­ryň özen-sü­tü­ni­niň wa­tan­sö­ýü­ji­lik­den hem yn­san­per­wer­lik­den göz­baş al­ýan­dy­gy­ny hal­ky­myz her bir ädim­de gö­rüp, du­ýup, bu be­lent ha­ky­kat­dan ru­hy güýç alyp ýa­şa­ýar. Bu ru­hu­be­lent­lik sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-dur­muş ul­gam­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan ta­ry­hy ýe­ňiş­le­re eg­sil­mez güýç bo­lup go­şul­ýar. Bu gün­ki gün mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­ler ga­za­nyl­ýar. Şol ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da nus­ga­wy şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň ady­ny uly buý­sanç bi­len gö­ter­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ag­zy­bir we­kil­le­ri we iş­jeň ag­za­la­ry hem ber­ka­rar döw­le­ti­mi­zi ös­dür­mek­de, hal­ky­my­zyň je­bis­li­gi­ni we ag­zy­bir­li­gi­ni has-da pug­ta­lan­dyr­mak­da öz­le­ri­niň my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar. Ýaş­lar gu­ra­ma­sy ýur­du­myz­da ýaş ra­ýat­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ýan iň iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­sy­dyr. Bi­ziň ýur­du­myz­da ýaş­lar ba­ra­da­ky sy­ýa­sat bu ugur­da he­re­ket ed­ýän mil­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýar.
Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik yn­san­per­wer baş­lan­gyç­la­ry bi­len ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da­ky” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, “Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2015-2020-nji ýyl­lar üçin döw­let Mak­sat­na­ma­sy­ny” ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Ýaş­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny hem-de ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak, ola­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne gy­şar­nyk­syz eýer­mek­le­ri­ni, bi­lim­li we hü­när­li ýaş­la­ryň iş bi­len do­ly üp­jün­çi­li­gi­ni ga­zan­mak, ýaş maş­ga­la­la­ry gol­da­mak, ýaş­la­ry te­le­ke­çi­lik iş­le­ri­ne hö­wes­len­dir­mek iş­le­rin­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň dur­mu­şa ge­çir­ýän be­ýik iş­le­ri, Wa­tan, döw­let, adam hak­da­ky be­ýik tag­lym­la­ry, yn­san­per­wer­lik, hoş­ni­ýet­li­lik we dost­luk hak­da­ky ýö­rel­ge­le­ri, päk ah­lak­ly­lyk, ha­lal­lyk, zäh­met­sö­ýer­lik ha­kyn­da­ky öwüt-ne­si­hat­la­ry ýaş­lar üçin nus­ga­lyk gö­rel­de mek­de­bi­dir.

Rüs­tem Mäm­me­dow,
TMÝG-niň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ru­ha­bat et­rap ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy.