Uil­ýam Şeks­pir öz ýur­du­na ga­ra­nyň­da, da­şa­ry ýurt­lar­da has meş­hur eken. Mu­ňa iň­lis şa­hy­ry­nyň we dra­ma­tur­gy­nyň ara­dan çy­kan gü­nü­niň 400 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da Bri­tan Ge­ňeş­li­gi­niň sar­gy­dy bi­len ge­çi­ri­len 15 ýurt­da 18 müň ada­myň pi­ki­r so­ra­ly­şy­gy­nyň ne­ti­je­si şa­ýat­lyk ed­ýär. Pi­ki­ri so­ra­lan da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň 65 gö­te­ri­mi Şeks­pi­riň eser­le­ri­ne dü­şün­ýän­dik­le­ri­ni we sö­ýüp oka­ýan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň özün­de hem pi­ki­ri so­ra­lan­la­ryň 59 gö­te­ri­mi şeý­le pi­ki­ri öňe sür­dü­ler. Häzirki wagtda Şeks­pi­re ba­gyş­la­nan iki mil­li­on­dan gow­rak iş bo­lup, ol ba­ra­da­ky pi­kir­ler he­niz-he­niz kö­şe­şer ýa­ly däl.
Beý­le­ki iň­lis dil­li ýurt­lar­da, şol san­da Awst­ra­li­ýa­da we ABŞ-da bu gör­ke­zi­ji Bir­le­şen Ko­rol­ly­ga ga­ra­nyň­da, pes bo­lup çyk­dy. Şol bir wag­tyň özün­de Şeks­pir Hy­taý­da, Tür­ki­ýe­de we Mek­si­ka­da aý­ra­tyn meş­hur­ly­ga eýe eken. Onuň 38 pýe­sa­dan we 154 so­net­den yba­rat dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy dün­ýä­niň 80 di­li­ne ter­ji­me edil­di. Ol Lon­don­da uzak wagt­lap ýa­şan­dan soň­ra öz dog­duk de­pe­si Strat­ford-na-Eý­wo­na do­lan­ýar we 52 ýa­şy­nyň için­de – 1616-njy ýy­lyň 23-nji ap­re­lin­de ara­dan çyk­ypdyr.