Men müdirlik boýunça hünär okuwyny geçirmäge şähere gelenimde, ertirki gün diňleýjilerim boljak adamlar bilen gysgaça tanyşdyrmak maksady bilen meni agşam naharyna çagyrdylar.
Bu toparyň görnükli baştutany Uly Ed bolup, daýaw syraty hem-de ýogyn sesi bilen tapawutlanýardy. Uly Ed şamlyk edinip otyrkak, özüniň iri halkara guramalarynyň birinde wajyp meseleleri çözmek boýunça ynanylan wekil bolup işleýändigini ýatlatdy.
– Joe, men ähli dostlarymyň sen ýaly üýtgeşik zehinli birini diňlemäge mümkinçilikleriniň barlygy üçin ertirki güne sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Şonda olar meniň usulymyň dogrudygyna düşünip galarlar – diýip, ol maňa gülümsiräp baş atdy.
Ertirki nutugyň onuň garaşýanyndan hem üýtgeşik boljakdygyny bilip, öz ýanymdan ýylgyrdym.
Ol ertesi güni hünär okuwynyň bütin dowamynda sessiz-üýnsüz oturdy, maňa ýekeje sözem aýtman, iň soňunda hem çykyp gitdi.
Üç ýyldan soň, men şol düzümden ybarat gatnaşyjylar bilen müdirlik boýunça nobatdaky hünär okuwyny geçirmek maksady bilen şol şähere geldim. Uly Ed ýene-de hünär okuwyna gatnaşdy. Haçan-da, ol ýerinden duýdansyz turup, sorag berende sagat 10 töweregidi.
– Joe, meniň oturanlara nämedir bir zat aýtmagyma ygtyýar berermiň?! Men ýylgyryp, şeýle jogap berdim:
– Elbetde, Ed sen bu boýuň-syratyň bilen göwnüňe gelen zady aýdyp bilersiň.
– Dostlarym, hemmäňiz meni gowy tanaýansyňyz, käbiriňiziň bolsa, durmuşymda bolup geçen zatlardan habaryňyz hem bardyr, ýöne men bulary siziň ähliňiz bilen paýlaşmak isleýärin. Megerem, gürrüňimi tamamlanymdan soňra, Joe senem maňa hoşallyk bildirersiň diýip, pikir edýärin.
Men senden hakykatdan-da, aňly-düşünjeli iş dolandyryjy bolmak üçin biziň her birimiziň ozaly bilen, öz ýakynlarymyza olary nähili gowy görýänligimizi aýtmagy öwrenmegiň zerurdygyny eşidenimde, birbada bu maňa ýöne bir aşa mylaýymlaşdyrylan bolgusyz zat bolup göründi. Sen işjeňligi çeýe bir närsä, güýçlüligi bolsa, gaty bir närsä meňzedip, işjeň pikiriň çeýeligi, açyklygy, tertip-nyzamlylygy we maksada ýetmekde tutanýerliligi talap edýändigini aýdypdyň. Ýöne welin, söýginiň muňa näme dahylynyň bardygyna men düşünmeýärdim.
Şol gije aýalym bilen myhman jaýda otyrkam, seniň sözleriň meň kellämde dowamly at çapýardy. Eýsem, öz aýalyňa söýýänligiňi aýtmaga näçeräk gaýrat gerekkä?! Muny her kimem başarardy ahyryn. Hawa, siz muny adaty durmuşda gündiziň ýagtylygynda etmelidigini hem sargapdyňyz. Men bogazymy arçap, gürläp başladym, ýöne sakyndym. Aýalym maňa gaşyny galdyryp, meniň näme diýenligimi sorady, ýöne men “Aý, ýokla ýöne” diýip, jogap berdim. Şol mahal men ýerimden turdum, oňa bakan ýöräp, elindäki gazeti howsalaly bir tarapa aýryp: – Elis, men seni söýýän! – diýdim. Ol sähelçe pursat maňa geň galyp seretdi-de, gözlerine ýaş aýlap, ýuwaşlyk bilen şeýle diýdi:
– Ed, menem seni söýýän! Ýöne soňky ýigrimi ýylyň içinde bu sözleri ilkinji gezek aýdýarsyň.
Biz söýgi ýeterlik derejede bolanda islendik dartgynlylygy aradan aýyrýanlygy barada özara gürrüň gozgadyk. Şol mahal men pursatdan peýdalanyp, Nýu-Ýorkdaky ogluma jaň etmegi ýüregime düwdüm. Biziň aramyzda onçakly ýygy gatnaşyk ýokdy, oglum telefony galdyranda şeýle diýdim:
– Oglum, mümkin, häzir sen maňa serhoşmyka diýip, pikir edersiň, ýöne men saňa seni nähili eý görýändigimi aýtmak üçin jaň edýärin.
Ara dymyşlyk düşdi. Biraz soňra oglum ýuwaşlyk bilen:
– Men munuň şeýledigine birjik-de şübhelenmeýärin, kaka, ýöne muny seniň özüňden eşitmek meni has-da begendirýär. Meniňem seni eý görýändigimi bilmegiňi isleýän – diýdi.
Biziň aramyzda oňat gürrüňdeşlik boldy, soňra men San-Fransiskoda ýaşaýan kiçi ogluma jaň etdim. Men oňa hem şol sözleri aýtdym, biziň aramyzda ozal hiç haçan bolmadyk mähirli gürrüňdeşlik boldy.
Şol gije gözüme uky gelmän, öz pikirlerime gark bolup ýatyrkam seniň bize şol gün gürrüň beren ähli zatlaryň iş dolandyryjylygyň hakyky açarydygyna, olardan özümize goşmaça many alyp, durmuşda hem ulanyp boljakdygyna, onuň söýgi bilenem baglanyşyklydygyna doly göz ýetirdim.
Onsoň men bu mowzukdaky kitaplary okamaga başladym. Joe, elbetde bu meselede görnükli adamlaryň köpüsi özleriniň dürli pikirlerini aýdyp gidipdirler. Netijede, men söýginiň maşgalada we işde nähili uly orun tutýandygyna çynlakaý düşünip ugradym.
Bu ýerde oturanlaryň köpüsiniň bilşi ýaly, men hakykatdan hem adamlar bilen işlemegiň tärini üýtgetdim. Men olary has köpräk diňlemäge, hakykatdan-da, olara gulak asmaga ýykgyn edip ugradym. Men öz tejribämde adamlaryň gowşak taraplaryny däl-de, gowy taraplaryny ýüze çykarmaga tagalla etmelidigine göz ýetirdim. Men olaryň özüne bolan ynamyny berkitmäge ýardam bermekden hakyky lezzet almaga başladym. Ýöne, hakykatdan hem, meniň düşünip ugran iň esasy zadym hem adamlara öz söýgiňi we hormatyňy görkezmegiň iň oňat usuly – ol hem bilelikdäki tagallalarymyz esasynda işlenip düzülen maksatlarymyza ýetmek üçin olaryň güýçli taraplaryny ulanmaklaryna garaşmakdygyna göz ýetirdim.
Joe, bu meniň saňa öz hoşallygymy bildirmegimiň bir täri. Indi bolsa, işiň amaly tarapy barada gürrüň gozgaly! Häzirki wagtda men kompaniýanyň wise-prezidenti wezipesini ýerine ýetirip, hemmeler meni dogabitdi başlyk hasaplaýar. Onda näme dostlar, indi bu jenaba ýüregiňiziň töründen orun beriňde, ünslije diňläň!
Terjime eden
Sumbar Alyşirow,
Magtymguly adyndaky
TDU-nyň talyby.