Häzirki wagtda Hytaýyň “Şanhaý SIPG” futbol toparyna tälim berýän portugaliýaly Andre Willaş-Boaş geljek ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek Dakar Rallisine gatnaşar. 40 ýaşyndaky tälimçi “Toyoto Hilux” kysymly ulagy bilen bu kynçylykly bäsleşikde çykyş eder. Oňa kömekçi sürüji hökmünde Ruben Faria ýardam berer. “Porto”, “Çelsi”, “Tottenham”, “Zenit” klublarynda işlän Willaş-Boaşyň agasy-da (kakasynyň dogany) 1982-nji ýyldaky Dakar Rallisinde çykyş edipdir. 40-njy Dakar Rallisi 2018-nji ýylyň 6–20-nji ýanwary aralygynda Günorta Amerikada geçiriler.