Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň fut­bol bo­ýun­ça iň uly klub bäs­le­şi­gi “Li­ber­ta­do­res” ku­bo­gyn­da Bra­zi­li­ýa­nyň “Gre­mio” to­pa­ry ýe­ňi­ji bol­dy. Olar myh­man­çy­lyk­da oý­na­lan fi­na­lyň jo­gap du­şu­şy­gyn­da Ar­gen­ti­na­nyň “La­nus” to­pa­ryn­dan 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. 1-nji oýun­da-da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Gre­mionyň” gollaryny Fer­nan­di­nio bi­len Lu­an der­we­zä gi­riz­di. “La­nusyň” ýe­ke-täk pök­gü­si­ni-de 71-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den Sand ge­çir­di. Şun­luk­da, umu­my ha­sap­da 3–1 ýe­ňiş ga­za­nan “Gre­mio” ta­ry­hyn­da 3-nji sa­par yk­ly­myň iň uly ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Por­to aleg­ri­li­ler mun­dan öňem 1983-nji we 1995-nji ýyl­lar­da çem­pi­on bo­lup­dy. Bu ku­bo­gy iň köp ar­gen­tin klub­la­ry (24) hem-de bra­zil (18) to­par­la­ry ga­zan­dy. Iň köp alan klub­lar Ar­gen­ti­na­nyň “In­de­pen­di­en­te” (7) bi­len “Bo­ko Hu­niors” (6) to­par­la­ry­dyr.