Er­kek­le­riň ara­syn­da ten­nis bo­ýun­ça ýy­gyn­dy to­par­la­ryň ýa­ry­şy bo­lan De­wis Ku­bo­gyn­da Fran­si­ýa ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar Fran­si­ýa­nyň Lill şä­he­rin­de oý­na­lan fi­nal­da bel­gi­ýa­ly ten­nis­çi­ler­den 3:2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Fran­si­ýa­nyň adyn­dan Žo-Wilf­red Tson­ga, Lýu­ka Puý, Ri­çard Gas­ke, Pi­er-Ýug Er­ber, Bel­gi­ýa­nyň dü­zü­min­de-de Da­wid Gof­fin, Stiw Dar­si, Ru­ben Be­mel­mans hem-de Ýo­ris de Lo­re çy­kyş et­di. Ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar­da Gof­fin Pu­ýy (7:5, 6:3, 6:1), Tson­ga-da Dar­si­ni 3:0 (6:3, 6:2, 6:1) ha­sa­byn­da ut­dy. Jü­büt­le­riň du­şu­şy­gyn­da Gas­ke bi­len Er­ber ikisi gar­şy­daş­la­ry Be­mel­mans we De Lo­re­ni 3:1 (6:1, 3:6, 7:6, 6:4) ýeň­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da-da Gof­fin Tson­ga­dan 3:0 üs­tün çy­kyp, umu­my­lyk­da ha­sa­by deň­le­di (2:2). Jem­leý­ji oýun­da-da Puý Dar­si­ni 3:0 (6:3, 6:1, 6:0) ha­sa­byn­da ut­dy. Şeý­le­lik­de, Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 10-njy ge­zek De­wis Ku­bo­gy­ny ga­zan­­dy. Olar iň soň­ky sa­par 2001-nji ýyl­da ýe­ňi­ji bo­lup­dy. 106-njy ge­zek ge­çi­ri­len De­wis Ku­bo­gy­ny ABŞ 32, Awst­ra­li­ýa 28, Fran­si­ýa­dyr Be­ýik Bri­ta­ni­ýa-da 10 sa­par eýe­le­di.