For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 20-nji, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, jemleýji bäs­le­şi­gi BAE-de ge­çi­ri­lip, Abu Da­bi “Gran Pri­sin­de” “Mer­se­des” to­pa­ry­nyň fin sü­rü­ji­si Walt­te­ri Bot­tas ýe­ňiş ga­zan­dy. “Ýas Ma­ri­na” tras­sa­syn­daky ýaryşa il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan Bot­tas 55 aý­la­wy 1 sa­gat 34 mi­nut 14,062 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bu onuň şu ýyl­ky hem-de kar­ýe­ra­syn­da­ky 3-nji ýeň­şi­dir. On­dan 3,899 se­kunt yza ga­lan bri­ta­ni­ýa­ly to­par­da­şy, çem­pi­on Le­wis Ha­mil­ton 2-nji, “Fer­ra­ri­den” ger­ma­ni­ýa­ly Se­bas­ti­an Wet­tel 19,330 se­kunt­lyk az ne­ti­je bi­len 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýa­ryş­da 10-njy ýe­ri eýe­län bra­zi­li­ýa­ly Fe­li­pe Mas­sa (“Wil­liams”) iň soň­ky ge­zek bäs­le­şip, ol 16 ýyl­lyk F1 kar­ýe­ra­sy­ny jem­le­di. Şeý­le­lik­de, çem­pi­on Hamilton möw­sü­mi 363 utuk bi­len ta­mam­la­dy. 2-nji ýer­dä­ki Wet­tel 317 utuk top­la­dy. 305 utuk ýyg­nan Walt­te­ri Bot­tas 3-nji ýe­ri eýe­le­di. 4–5-nji orun­la­ry paý­laş­an Ki­mi Ra­ik­ko­nen bi­len Da­ni­el Rik­ki­ar­do de­giş­li­lik­de, 205 we 200 utuk top­la­dy. To­par­la­ryň ara­syn­da yz­ly-yzy­na hem-de umu­my­lyk­da 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny eýelän “Mer­se­des” 668 utuk ýygnady. 2008-nji ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­ga ýe­tip bil­me­ýän 2-nji ha­tar­da­ky “Fer­ra­ri­niň” 522 hem-de 3-nji orun­da­ky “Red Bul­luň” 368 utu­gy bar.