Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakda örän uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halk döredijiliginiň milli öwüşgini bolan küştdep­di tansynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi uly şatlykly wakalaryň biri boldy. Bu barada guramanyň resmi internet saýtynda bellenip geçilýär. Ine, şeýle hoş habar Günorta Koreýanyň Çedžu şäherinden gelip gowuşdy.

Bu ýy­lyň 7-nji de­kab­ryn­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­da ÝU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra 12-nji mej­li­si ge­çi­ril­di. Şol mej­li­siň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my küşt­dep­di tan­sy gu­ra­ma­nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
Şeý­le hem küşt­dep­di bi­len bir ha­tar­da ýe­ne-de 11 sa­ny halk dö­re­di­ji­li­gi­niň nus­ga­la­ry mad­dy däl me­de­ni mi­ra­syň sa­na­wy­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Ola­ryň ara­syn­da Azer­baý­ja­nyň dol­ma ta­ga­my, ga­zak­la­ryň as­syk oý­ny, er­me­ni­le­riň ko­ça­ri tan­sy, gyr­gyz­la­ryň at üs­tün­dä­ki oýun­la­ry, türk­le­riň hy­dy­rel­lez ba­har baý­ram­çy­ly­gy we beý­le­ki­ler bar.
Küşt­dep­di tan­sy ýur­du­myz­da giň­den tu­tul­ýan her bir toý­dur baý­ram­çy­lyk­lar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Küşt­dep­di – ýaş­lyk joş­gu­ny­nyň, owa­dan­ly­gyň, çalt we çe­ýe he­re­ke­tiň tan­sy. Şo­nuň üçin hem ol köp­lenç ýaş­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Ýö­ne kä­wagt oňa öz­le­ri­niň şat­ly­gy we joş­gun­la­ry bi­len ýaş­lar­dan bir­jik-de kem otur­ma­ýan ýa­şu­ly ýaş­da­ky adam­lar hem go­şu­lyş­ýar­lar. Tans ýaş­la­ryň we gyz­la­ryň hoş la­byz­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­rin­de “ga­zal” aýt­mak­la­ryn­dan baş­lan­ýar. Mun­da olar tan­syň il­kin­ji ak­gyn­ly he­re­ket­le­ri­ni ed­ýär­ler. Ola­ryň tö­we­rek­le­rin­dä­ki­ler saz­la­şyk­ly ça­pak çal­mak bi­len, ola­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän he­re­ket­le­ri­ne syn ed­ýär­ler. Her bir “ga­za­lyň” ahy­ryn­da olar bi­ri-bi­ri­ni öjük­dir­ýän ýa­ly we tan­syň ritmi­ne go­şul­ýan ýa­ly dä­be öw­rü­len “eý-ha”, “uh-hu” , “küşt-küşt” ýa­ly heň­le­ri­ni aýd­ýar­lar.