Kos­me­ti­ka grek­çe­den ter­ji­me edi­len­de “gö­zel­lik sun­ga­ty” di­ýen ma­ny­ny be­rip, bu ba­ra­da mi­la­dy­dan 3 müň ýyl ozal­ky ýaz­gy­lar­da ga­bat ge­lin­ýär. My­sal üçin, Mü­sür­de ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ge­çi­ri­len­de, şol döw­rüň öz krem­le­ri­niň, sür­me­le­ri­niň we parf­ýu­me­ri­ýa­la­ry­nyň bo­lan­dy­gy hak­da su­but­na­ma­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ýü­ze çy­ka­ry­lan ta­pyn­dy­lar ga­dy­my mü­sür­li­le­riň be­zeg kos­me­ti­ka­la­ry­ny ula­nan­dy­gy ba­ra­da­ky ha­ky­ka­ty tas­syk­la­ýar. Ga­dy­my Mü­sür­de gö­zel­lik kos­me­ti­ka­syn­dan baş­ga-da, dür­li be­je­ri­ji kos­me­ti­ka­lar hem ula­ny­lyp­dyr. Kos­me­ti­ka ba­ra­da­ky il­kin­ji eser şa aýal Kleo­pat­ro ta­ra­pyn­dan ýa­zyl­ýar we onuň baş­lan­gy­jy bi­len kos­me­ti­ka önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na gu­rul­ýar. Mü­sü­riň kos­me­tik se­riş­de­le­ri­niň taý­ýar­la­nyş usu­ly Gip­pok­ra­tyň eser­le­rin­de hem duş gel­ýär, ola­ryň kä­bi­ri he­niz hem Ýew­ro­pa­nyň halk luk­man­çy­ly­gyn­da giň­den ula­nyl­ýar.
Em­ma Mü­sür gö­zel­lik kos­me­ti­ka­sy­nyň ýoň bo­lan ýe­ke-täk ýur­dy bol­man­dyr. Ga­dy­my Rim­de hem kos­me­ti­ka önüm­çi­li­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­lip­dir. Olar pud­ranyň de­re­gi­ne hek, kir­pik­ler üçin sür­me, gy­zyl reňk­li zülp­le­ri has-da ber­kit­mek üçin hy­na ula­nyp­dyr­lar. Gö­zel­lik kos­me­ti­ka­sy­nyň sag­lyk üçin zy­ýan­ly dö­wür­le­ri hem bol­ýar. Re­nes­sans döw­rün­de pud­ra­nyň dü­zü­min­de myş­ýak bo­lup­dyr.
XVIII asyr­da gö­zel­lik kos­me­ti­ka­la­ry­ny, esa­san, ir-iý­miş we dür­li ot­lar ýa­ly te­bi­gy bir­leş­me­ler­den ýa­sap­dyr­lar. Ýö­ne der­man öndürýänleriň käbiri oňa si­map we azot kis­lo­ta­sy­ny go­şup, ha­ta iş goýberipdir­ler we ony sag­lyk üçin howp­ly se­riş­dä öw­rüp­dir­ler. Eý­ýäm, şol dö­wür­ler­de “Gö­zel­lik pi­da is­le­ýär” di­ýen ýa­ly pä­him dö­räp, şeý­le se­riş­de­le­riň do­wam­ly ula­nyl­ma­gy öm­ri gys­gal­dyp­dyr.
T.L. Wil­ýams hä­zir­ki za­man kos­me­ti­ka­sy­nyň ata­sy di­ýip ha­sap edil­ýär. Ol 1915-nji ýyl­da kir­pik üçin ni­ýet­le­nen tuş önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýup, şu gün­ler hem “May­bel­li­ne” ady bi­len giň­den ta­nal­ýan se­riş­de­dir. Şon­dan bä­ri hem ten, hy­na, pud­ra, al-gyr­my­zy reňk­ler we äheň­deş krem­ler esa­sy gö­zel­lik se­riş­de­le­ri hök­mün­de has giň­den ula­nyl­ýar. Hä­zir­ki za­man gö­zel­lik kos­me­ti­ka­sy peý­da­ly bo­lup, hü­när­men­ler he­mi­şe onuň dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. Bu se­riş­de­ler sap gö­zel­lik tä­si­rin­den baş­ga-da, ke­sel be­je­ri­ji hä­si­ýe­te hem eýe­dir. Kos­me­ti­ka ozal bol­şy ýa­ly, ýe­ne-de bo­lar. Pla­to­nyň öz döw­rün­de ýaz­ma­gy­na gö­rä, “Kos­me­ti­ka­syz ze­nan, duz­suz na­har ýa­ly­dyr”. Şol nuk­daý­na­zar­dan te­bi­gat si­ze te­bi­gy gö­zel­lik ba­gyş­la­ma­dyk bol­sa, on­da si­ziň bu ýag­da­ýy dü­zet­mä­ge müm­kin­çi­li­gi­ňiz bar.

Taý­ýar­lan Tä­ze­gül Ýu­su­po­wa,
S.A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.