Hytaýyň Suçžow uniwersitetiniň bilermenleriniň geçiren barlaglarynda her günde 40 gram peýnir iýmegiň insult we ýürek ýetmezçiliginiň ösüş howpuny peseldýändigi belli boldy. Alymlaryň “The Deccan Chronicle” saýtynda mälim etmegine görä, peýniriň düzüminde köp sanly witaminler, mineral maddalar we beloklar bolup, bilelikde bedene ýürek-damar kesellerine garşy durmaga ýardam berýär. Barlagyň dowamynda alymlar peýniriň “erbet holesteriniň” derejesini pese düşürip, “peýdaly holesteriniňkini” hem artdyrýandygyny ýüze çykardylar. Şunuň bilen birlikde, peýniriň düzüminde damarlara dykylmaýan kislota bar. Mundan ozal Koreý uniwersitetiniň alymlary peýnir önümçiliginde ulanylýan “Propionibacterium freudenreichii” diýlip atlandyrylýan peýdaly bakteriýalaryň immun ulgamyna oňaýly täsir edip, sowuklamanyň derejesini pese düşürýändigini mälim edipdiler.
Barlag geçirijiler “Propionibacterium freudenreichii”-iň ömrüň dowamlylygyna, garrylyk bilen göreşde oňaýly täsiriniň bardygyny belläp geçýärler. Görnüşine görä, bu bakteriýalar laktaty (süýt kislotasy) asetata, propionata we kömürturşy gaza öwürýär. Ozalky geçirilen barlaglarda asetatyň we propionatyň ynsan immunitetini berkidýändigi belli bolupdyr.