Hindistanyň we ABŞ-nyň hünärmenleriniň täze barlaglary işemiýa insultlarynyň 30 göteriminiň, esasan, beýnä gan aýlanyşy bozýan ateroskleroz (damarlara ýaglaryň toplanmagy) bilen baglydygyny görkezdi. Insultlaryň 25 göteriminiň bolsa, ýürekde tromblaryň, ýagny gan damarlarynda goýy, uýan ganyň emele gelmegi zerarly ýüze çykýandygy “The Deccan Chronicle” saýtynda bellenilýär.
Şeýle hem barlag geçirijiler insult geçiren gatnaşyjylaryň 32 göteriminiň çilim çekenligini, 61 göteriminiň gipertoniýadan, ýagny ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagyndan, 36 göteriminiň bolsa, süýjükeselden ejir çekenligini ýüze çykardylar. Insultdan soň 44 göterimi işe ýarawsyz bolup galypdyr. Hünärmenler insultyň öz wagtynda ýüze çykarylmagynyň möhümdigini nygtap, syrkawlaryň irräk hassahana ýüz tutmaklaryny maslahat berýärler. Mundan ozal, şwesiýaly we awstraliýaly barlag geçirijiler insultdan soň, saglygy dikeltmäge atly gezelençleriň ýardam berýändigini ýüze çykarypdylar. Atly gezelençler bilen meşgullanmagyň netijesinde, insult geçirenleriň ýagdaýy düýpli gowulaşypdyr.