Kofeniň aram ýagdaýda içilmegi ruhy keselleriň, parkinsonyň we demensiýanyň ýagny huşsuzlygyň derejesini pese düşürmäge ýardam berýär diýip, “The Quebec Post” saýty ýazýar. Bular kofe içmäge bagyşlanan 200-den gowrak barlaglaryň seljerişinde ýüze çykarylypdyr. Görüp otursalar, günde 3-4 çaşka kofe içmegiň saglyk üçin köp sanly peýdaly taraplary bar eken. Esasan hem, ýüregagyry, rak keseliniň käbir görnüşleriniň (prostat, deri, bagyr), süýjükeseliň 2-nji görnüşiniň, ötdäki daşy aýyrmakda we bagyr keselleriniň öňüni almakda aýratyn täsirini ýetiripdir.
Bilermenler günde 3-4 çaşka kofe içmegiň saglyk üçin uçursyz peýdalydygyny öňe sürýärler. Şonuň ýaly hem olar kofeni çendenaşa köp içmegiň zyýanlydygyny belläp geçip, ony aram derejede ulanmagy maslahat berýärler.